Ma­laý­zi­ýa­da­ky «First World» myh­man­ha­na­sy otag­la­ry­nyň sa­ny bo­ýun­ça dün­ýä­dä­ki iň uly myh­man­ha­na hök­mün­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. 7 müň 351 ota­gy bo­lan bu myh­man­ha­na­da ki­re­ýi­ne alan ota­gy­ňy tap­mak üçin 15 mi­nut tö­we­re­gi aý­lan­ma­ly bol­ýar. Bir­ba­da müň­ler­çe ada­my ka­bul edip bil­ýän ägirt uly des­ga myh­man­la­ra hö­dür­le­ýän amat­lyk­la­ry bi­len da­şyn­dan ki­çi­räk şä­he­re meň­ze­ýär.
Ma­laý­zi­ýa­nyň Gen­ting dag­lyk se­bi­tin­de gur­lan bu myh­man­ha­na de­ňiz de­re­je­sin­den 1 müň 500 metr be­lent­lik­de ýer­leş­ýär. Aras­sa ho­wa­ly myh­man­ha­na­ny il­kin­ji ge­zek gö­re­niň­de, LE­GO-nyň reňk­li ku­bik­le­rin­den dü­zül­di­mi­kä di­ýip pi­kir ed­ýär­siň. Ýa­şyl, gy­zyl, sa­ry, gök, mä­mi­şi, umu­man, äh­li reň­ki özün­de jem­le­ýän bu myh­man­ha­na köp reňk­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Dün­ýä­niň älem­go­şar myh­man­ha­na­sy ha­sap­lan­ýan «First World» il­kin­ji ge­zek bar­ýan myh­man­la­ry haý­ran gal­dyr­ýar. Mil­li­on­lar­ça uzyn za­ly bo­lan myh­man­ha­na­dan otag sar­gyt eden myh­man­la­ryň öw­re­niş­me­gi üçin bir hep­de tö­we­re­gi wagt ge­rek bol­ýar.
«First World» myh­man­ha­na­sy se­bi­tiň iň uly güý­men­je mer­ke­zi bo­lan «Re­sorts World Gen­ting» top­lu­myn­da ýer­leş­ýär. Myh­man­ha­na­da gal­ýan myh­man­lar top­lu­myň için­de ýer­leş­ýän söw­da zo­lak­la­ry­na ba­ryp, res­to­ran­lar­da na­har­la­nyp, güý­men­je mer­kez­le­rin­de we te­ma­tik se­ýil­gäh­ler­de wag­ty­ny gy­zyk­ly ge­çi­rip bil­ýär­ler. Myh­man­ha­na­da äh­li ýaş­da­ky adam­lar üçin oňaý­ly şert­ler we amat­lyk­lar göz öňün­de tu­tu­lan. Myh­man­lar bu ýer­de ota­gyn­dan çyk­maz­dan äh­li ze­rur za­dy­ny sar­gyt edip bil­ýär­ler.
Paý­tagt şä­her Kua­la-Lum­pur­dan
50 ki­lo­metr de­mir­ga­zyk­da, Pa­hang şta­tyn­da ýer­leş­ýän «First World» myh­man­ha­na­sy to­mus pas­ly­nyň do­wam ed­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, sal­kyn we çyg­ly ho­wa­sy bi­len sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne çek­ýär. Bu myh­man­ha­na­da ýer­li we da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­lar özü­ni edil Ýew­ro­pa­da ýa­ly du­ýup, dynç alyp bil­ýär­ler.
2006-njy ýyl­da 6 müň 118 otag bi­len açy­lan «First World» myh­man­ha­na­sy 2015-nji ýyl­da 1 müň 233 ota­gyň go­şul­ma­gy netijesinde has gi­ňel­dil­di. Şeý­le­lik­de, otag­la­ry­nyň sa­ny 7 müň 351-e ýe­ten bu bina «dün­ýä­niň bi­rin­ji myh­man­ha­na­sy­na» öw­rül­di. 3 ýyl­dyz­ly bu des­ga­da 3 müň 164 sa­ny ada­ty otag, 2 müň 922 sa­ny lýuks otag, 649 sa­ny üç orun­lyk lýuks otag, 480 sa­ny ýo­ka­ry de­re­je­li lýuks otag, şeý­le hem 136 sa­ny «World Club» ota­gy bar.