Malaýziýadaky «First World» myhmanhanasy otaglarynyň sany boýunça dünýädäki iň uly myhmanhana hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 7 müň 351 otagy bolan bu myhmanhanada kireýine alan otagyňy tapmak üçin 15 minut töweregi aýlanmaly bolýar. Birbada müňlerçe adamy kabul edip bilýän ägirt uly desga myhmanlara hödürleýän amatlyklary bilen daşyndan kiçiräk şähere meňzeýär.
Malaýziýanyň Genting daglyk sebitinde gurlan bu myhmanhana deňiz derejesinden 1 müň 500 metr belentlikde ýerleşýär. Arassa howaly myhmanhanany ilkinji gezek göreniňde, LEGO-nyň reňkli kubiklerinden düzüldimikä diýip pikir edýärsiň. Ýaşyl, gyzyl, sary, gök, mämişi, umuman, ähli reňki özünde jemleýän bu myhmanhana köp reňkliligi bilen tapawutlanýar. Dünýäniň älemgoşar myhmanhanasy hasaplanýan «First World» ilkinji gezek barýan myhmanlary haýran galdyrýar. Millionlarça uzyn zaly bolan myhmanhanadan otag sargyt eden myhmanlaryň öwrenişmegi üçin bir hepde töweregi wagt gerek bolýar.
«First World» myhmanhanasy sebitiň iň uly güýmenje merkezi bolan «Resorts World Genting» toplumynda ýerleşýär. Myhmanhanada galýan myhmanlar toplumyň içinde ýerleşýän söwda zolaklaryna baryp, restoranlarda naharlanyp, güýmenje merkezlerinde we tematik seýilgählerde wagtyny gyzykly geçirip bilýärler. Myhmanhanada ähli ýaşdaky adamlar üçin oňaýly şertler we amatlyklar göz öňünde tutulan. Myhmanlar bu ýerde otagyndan çykmazdan ähli zerur zadyny sargyt edip bilýärler.
Paýtagt şäher Kuala-Lumpurdan
50 kilometr demirgazykda, Pahang ştatynda ýerleşýän «First World» myhmanhanasy tomus paslynyň dowam edýändigine garamazdan, salkyn we çygly howasy bilen syýahatçylary özüne çekýär. Bu myhmanhanada ýerli we daşary ýurtly syýahatçylar özüni edil Ýewropada ýaly duýup, dynç alyp bilýärler.
2006-njy ýylda 6 müň 118 otag bilen açylan «First World» myhmanhanasy 2015-nji ýylda 1 müň 233 otagyň goşulmagy netijesinde has giňeldildi. Şeýlelikde, otaglarynyň sany 7 müň 351-e ýeten bu bina «dünýäniň birinji myhmanhanasyna» öwrüldi. 3 ýyldyzly bu desgada 3 müň 164 sany adaty otag, 2 müň 922 sany lýuks otag, 649 sany üç orunlyk lýuks otag, 480 sany ýokary derejeli lýuks otag, şeýle hem 136 sany «World Club» otagy bar.
PDF









