Dün­ýä­de ba­lyk­la­ryň umu­my 35 müň gör­nü­şi duş ge­lip, um­man­lar­da 18 müň gör­nü­şi ýa­şa­ýar. Tä­sin­lik­le­re baý su­was­ty dün­ýä­sin­de içi gör­nüp du­ran aý­na­ba­ly­ga, top ýa­ly çi­şik zä­her­li ba­ly­ga, ýüz­güç­le­ri bi­len ýö­re­ýän ba­ly­ga, älem­go­şar ba­ly­gy­na, reň­ki­ni üýt­ge­dip bil­ýän ba­lyk­la­ra duş gel­mek bol­ýar.
Tä­sin ba­lyk­la­ryň ha­ta­ryn­da «Gü­neş ba­ly­gy» ady bi­len ta­nal­ýan te­ge­lek ba­ly­gy hem gör­kez­mek bo­lar. Yl­my ady «Mo­la mo­la» bo­lan bu ba­lyk 1758-nji ýyl­da yl­my taý­dan ha­sa­ba alyn­ýar. Gü­ne meň­zeş te­ge­lek ba­ly­gyň be­de­ni­niň dia­met­ri 3-4 met­re, ag­ra­my bol­sa 2,5 ton­na ýet­ýär. Hü­när­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, «mo­la» sö­zi la­tyn di­lin­dä­ki «de­gir­men da­şy» sö­zün­den ge­lip çy­kyp, äpet ba­ly­gyň te­ge­lek gör­nü­şi­ni aň­lad­ýar. Gü­neş ba­ly­gy­ny il­kin­ji ge­zek gö­re­niň­de be­de­ni­niň ýa­ry­sy ýok ýa­ly gö­rün­ýär. Geň ta­ra­py, bu ba­lyk­lar tü­wi dänesi ýa­ly ulu­lyk­dan (2-3 mil­li­metr) 60 mil­li­on es­se ula­lyp, äpet ba­ly­ga öw­rül­ýär. Gü­neş ba­ly­gy ada­ma zy­ýan­syz ha­sap­lan­ýar.
Te­ge­lek ba­lyk «Mo­li­dae» maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lup, dün­ýä­dä­ki iň uly süňk­li ba­lyk­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Ba­ly­gyň bu gör­nü­şi öz­bo­luş­ly be­den gur­lu­şy we äpet gö­w­re­si bi­len asyr­la­ryň do­wa­myn­da adam­lar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­re­dip gel­ýär. Azi­ýa­da­ky, Af­ri­ka­da­ky we Awst­ra­li­ýa­da­ky tro­pik hem-de my­la­ýym de­ňiz­ler­de ýa­şa­ýan Gü­neş ba­ly­gy­nyň guý­ruk ýüz­gü­ji düý­bün­den ýok. Ýa­sy ba­ly­gyň ar­ka­sy aý­law gör­nü­şin­de bo­lup, ýo­kar­ky we aşa­ky ýüz­güç­le­ri bar. Ki­çi­jik ag­zy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan bu ba­lyk örän ha­ýal ýüz­ýär. Gü­neş ba­ly­gy, esa­san, su­wuň 10 met­re çen­li ýü­zün­de gez­ýär. Şol se­bäp­li köp­ler bu äpet ba­lyk­dan aku­la­dyr öý­düp gork­ýar­lar. Kä­wagt bol­sa bu ba­lyk­lar deň­ziň müň met­re çen­li çuň­lu­gy­na çüm­ýär­ler. Gü­neş ba­ly­gy me­du­za, leň­ňeç şe­kil­li­ler we ow­nuk ba­lyk­lar bi­len iý­mit­len­ýär.
Gü­neş ba­lyk­la­ry iň köp iş­bil taş­la­ýan suw jan­da­ry­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, örän ha­ýal kö­pel­ýär­ler. Mu­nuň se­bä­bi bol­sa, ola­ryň ha­ýal ýüz­ýän­di­gi, gä­mi­le­re ge­lip ur­lup, he­läk bol­ýan­dy­gy we ýyr­ty­jy ba­lyk­lar ta­ra­pyn­dan aw­lan­ýan­dy­gy bi­len dü­şün­di­ril­ýär. Gü­neş ba­ly­gy 300 mil­lio­na çen­li iş­bil taş­la­ýar. Ýö­ne şol iş­bil­le­riň di­ňe 100-den gow­ra­gy ula­lyp, ke­ma­la gel­ýär. Eti­niň ta­gam­syz­dy­gy we ýa­ra­maz ys­ly bo­lan­dy­gy se­bäp­li, äpet te­ge­lek ba­lyk­lar tä­jir­çi­lik mak­sa­dy üçin peý­da­la­nyl­ma­ýar.
Gü­neş ba­ly­gy­nyň 15 san­ti­met­re çen­li ga­lyň de­ri­si bo­lup, ol ka­şa­lot­dan soň iň ga­lyň de­ri­li jan­dar ha­sap­lan­ýar. Bu ba­ly­gyň de­ri­sin­de 50 dür­li mik­ro­or­ga­nizm­le­riň ýa­şa­ýan­dy­gy se­bäp­li, gi­je­si­ne ýal­pyl­dap gö­rün­ýär. Esa­san, ýe­ke­lik­de duş gel­ýän agym­tyl-mä­mi­şi ba­lyk­lar 25-30 ýy­la çen­li ýa­şa­ýar. Gü­neş ba­ly­gy Te­bi­ga­ty we te­bi­gy baý­lyk­la­ry go­ra­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi (IUCN) ta­ra­pyn­dan sa­ny aza­lyp bar­ýan jan­dar­la­ryň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di.