Dünýäde balyklaryň umumy 35 müň görnüşi duş gelip, ummanlarda 18 müň görnüşi ýaşaýar. Täsinliklere baý suwasty dünýäsinde içi görnüp duran aýnabalyga, top ýaly çişik zäherli balyga, ýüzgüçleri bilen ýöreýän balyga, älemgoşar balygyna, reňkini üýtgedip bilýän balyklara duş gelmek bolýar.
Täsin balyklaryň hatarynda «Güneş balygy» ady bilen tanalýan tegelek balygy hem görkezmek bolar. Ylmy ady «Mola mola» bolan bu balyk 1758-nji ýylda ylmy taýdan hasaba alynýar. Güne meňzeş tegelek balygyň bedeniniň diametri 3-4 metre, agramy bolsa 2,5 tonna ýetýär. Hünärmenleriň bellemegine görä, «mola» sözi latyn dilindäki «degirmen daşy» sözünden gelip çykyp, äpet balygyň tegelek görnüşini aňladýar. Güneş balygyny ilkinji gezek göreniňde bedeniniň ýarysy ýok ýaly görünýär. Geň tarapy, bu balyklar tüwi dänesi ýaly ululykdan (2-3 millimetr) 60 million esse ulalyp, äpet balyga öwrülýär. Güneş balygy adama zyýansyz hasaplanýar.
Tegelek balyk «Molidae» maşgalasyna degişli bolup, dünýädäki iň uly süňkli balyklaryň biri hasaplanýar. Balygyň bu görnüşi özboluşly beden gurluşy we äpet göwresi bilen asyrlaryň dowamynda adamlarda uly gyzyklanma döredip gelýär. Aziýadaky, Afrikadaky we Awstraliýadaky tropik hem-de mylaýym deňizlerde ýaşaýan Güneş balygynyň guýruk ýüzgüji düýbünden ýok. Ýasy balygyň arkasy aýlaw görnüşinde bolup, ýokarky we aşaky ýüzgüçleri bar. Kiçijik agzy bilen tapawutlanýan bu balyk örän haýal ýüzýär. Güneş balygy, esasan, suwuň 10 metre çenli ýüzünde gezýär. Şol sebäpli köpler bu äpet balykdan akuladyr öýdüp gorkýarlar. Käwagt bolsa bu balyklar deňziň müň metre çenli çuňlugyna çümýärler. Güneş balygy meduza, leňňeç şekilliler we ownuk balyklar bilen iýmitlenýär.
Güneş balyklary iň köp işbil taşlaýan suw jandarydygyna garamazdan, örän haýal köpelýärler. Munuň sebäbi bolsa, olaryň haýal ýüzýändigi, gämilere gelip urlup, heläk bolýandygy we ýyrtyjy balyklar tarapyndan awlanýandygy bilen düşündirilýär. Güneş balygy 300 milliona çenli işbil taşlaýar. Ýöne şol işbilleriň diňe 100-den gowragy ulalyp, kemala gelýär. Etiniň tagamsyzdygy we ýaramaz ysly bolandygy sebäpli, äpet tegelek balyklar täjirçilik maksady üçin peýdalanylmaýar.
Güneş balygynyň 15 santimetre çenli galyň derisi bolup, ol kaşalotdan soň iň galyň derili jandar hasaplanýar. Bu balygyň derisinde 50 dürli mikroorganizmleriň ýaşaýandygy sebäpli, gijesine ýalpyldap görünýär. Esasan, ýekelikde duş gelýän agymtyl-mämişi balyklar 25-30 ýyla çenli ýaşaýar. Güneş balygy Tebigaty we tebigy baýlyklary goramak boýunça halkara bileleşigi (IUCN) tarapyndan sany azalyp barýan jandarlaryň sanawyna girizildi.
PDF









