Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary “Çelsiniň” braziliýaly oýunçysy Andreý Santosy düzümine goşdy. Mankunianlar 22 ýaşyndaky ýarymgoragçy üçin londonlylara 48+2 million funt sterling tölär. 5 ýyllyk şertnama baglaşan Andreý Santos täze klubunda 17-nji belgili köýnekçäni geýer. “Çelsi” Santosy 2023-nji ýylda transfer edip, ony öňki kluby “Wasko da Gama”, şol sanda “Nottingam Forest”, “Strasbur” ýaly klublara kärendesine ugradypdy. Geçen möwsümi “Çelside” geçiren Santos 43 oýunda 3 goly derwezä girizipdi.
Esasy Sport Transfer täzelikleri “Mancester Ýunaýted” “Çelsiniň” futbolçysyny 50 million funta transfer etdi
PDF









