«Akylly» şäher (Smart City) adalgasy 1990-njy ýyllarda döreýär. Bu adalga ilkibaşda «ýaşyl» tehnologiýany aňlatmak üçin ulanylan hem bolsa, 2000-nji ýyllardaky sanly tehnologik özgertmeleriň täsiri netijesinde onuň manysy üýtgeýär we «akylly» şäher diýlende ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertini ýokarlandyrmagy üpjün edýän sanly tehnologiýalara esaslanan şähere düşünilip başlanylýar.
«Akylly» şäher konsepsiýasynyň başlangyjy hökmünde köplenç ispan şäher gurluşykçysy Ildefons Serda (1815-1876) tarapyndan 1859-njy ýylda Barselona şäheriniň döwrebaplaşdyrylmagyna üns çekilýär. 2008-nji ýylda IBM kompaniýasy tarapyndan «akylly» planetalar konsepsiýasynyň öňe sürülmegi bilen «akylly» şäher adalgasy hem durmuşda özüniň mynasyp ornuny tapýar. Sebäbi bu konsepsiýa laýyklykda çalt depginde ösýän ilatyň isleglerini kanagatlandyrmagy sanly tehnologiýalar arkaly üpjün edýän şäherleri döretmek göz öňüne tutulýar.
Ispaniýanyň Santander şäheri dünýädäki ilkinji «akylly» şäherleriň biri hasaplanýar. 2011-nji ýylda bu şähere 15 müň sany sensor oturdylyp, şäheriň howasynyň, ýol hereketiniň, hapa atylýan gutularynyň ýagdaýy baradaky maglumatlar bir bitewi ulgama birikdirilýär we sanly ulgamyň maglumatlaryna esaslanyp, şäher ilatynyň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerine çözgüt tapmak babatda ilkinji ädimler ädilýär. Bu gün bolsa, Barselona, Amsterdam, Nýu-Ýork, Çikago, Singapur ýaly şäherler «akylly» şäher konsepsiýasynda öňdäki orunlary eýeleýär.
«Arkadag şäheri-geljegiň şäheri» atly kitapda bellenilişi ýaly: «Dünýäde «akylly» şäherleriň döredilmegi BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin öňde goýan Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegini nazara alýar. Durnukly ösüşiň 17 maksadyndan gelip çykýan adamlaryň ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmak, bilimiň, sanly maglumatlaryň elýeterliligini üpjün etmek, ekologiýa ýetirilýän ýaramaz täsirleriň öňüni almak, «ýaşyl» ykdysadyýeti ornaşdyrmak, adamlar üçin oňaýly iş şertlerini döretmek ýaly wezipeleriň durmuşa ornaşdyrylmagyna ýardam edýär».
Ýurdumyzyň iň gözel künjeginde gurlan Arkadag şäheri dünýäniň inženerçilik ylmynyň iň soňky gazananlary bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň sazlaşykly utgaşygyny özünde jemleýär. Bu barada hormatly
Prezidentimiz: «Häzirki döwür ähli ugurlarda täze pikirleriň hem-de innowasion önümçilikleriň zerurdygyny aýdyň görkezýär. Köpetdagyň eteginde bina edilen Arkadag şäheri hem berkarar döwletimiziň güýç-kuwwatyny we ägirt uly ösüş mümkinçiliklerini bütin dünýä äşgär etdi. Türkmenistanyň taryhyndaky ilkinji «akylly» şäheriň gurluşyklarynda milli we häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleri utgaşdyryldy» diýip belleýär.
Arkadag şäheri öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan «akylly» şäheriň aýdyň nusgasydyr. Munuň şeýledigine türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Arkadag şäheriniň «akylly» şäher konsepsiýasy öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň sazlaşygyna esaslanýar» diýen sözlerinden hem göz ýetirmek bolýar.
Aslynda, «akylly» şäherleri gurmak başlangyjy döwrüň zerurlygyndan ugur alýar. Sebäbi «akylly» şäherleriň gurulmagy ilata edilýän durmuş hyzmatlaryny ýeňilleşdirmäge, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge kömek edýär. Dünýäniň globallaşýan şertlerinde şäheriň ilatynyň sanynyň uly depgin bilen artmagy olara hyzmat etmegi kämilleşdirmegi talap edýär. Şonuň üçin hem «akylly» şäher konsepsiýasynyň özenini düzýän sanly tehnologiýalar ilata edilýän hyzmaty kämilleşdirmekde netijeli gural bolup hyzmat edýär.
Güýçmyrat Soltanmyradow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.
PDF








