«Akyl­ly» şä­her (Smart City) adal­ga­sy 1990-njy ýyl­lar­da dö­re­ýär. Bu adal­ga il­ki­baş­da «ýa­şyl» teh­no­lo­gi­ýa­ny aň­lat­mak üçin ula­ny­lan hem bol­sa, 2000-nji ýyl­lar­da­ky san­ly teh­no­lo­gik öz­gert­me­le­riň tä­si­ri ne­ti­je­sin­de onuň ma­ny­sy üýt­ge­ýär we «akyl­ly» şä­her diý­len­de ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şer­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gy üp­jün ed­ýän san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ra esas­la­nan şä­he­re dü­şü­ni­lip baş­la­nyl­ýar.
«Akyl­ly» şä­her kon­sep­si­ýa­sy­nyň baş­lan­gy­jy hök­mün­de köp­lenç is­pan şä­her gur­lu­şyk­çy­sy Il­de­fons Ser­da (1815-1876) ta­ra­pyn­dan 1859-njy ýyl­da Bar­se­lo­na şä­he­ri­niň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na üns çe­kil­ýär. 2008-nji ýyl­da IBM kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan «akyl­ly» pla­ne­ta­lar kon­sep­si­ýa­sy­nyň öňe sü­rül­me­gi bi­len «akyl­ly» şä­her adal­ga­sy hem dur­muş­da özü­niň my­na­syp or­nu­ny tap­ýar. Se­bä­bi bu kon­sep­si­ýa la­ýyk­lyk­da çalt dep­gin­de ös­ýän ila­tyň is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­gy san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar ar­ka­ly üp­jün ed­ýän şä­her­le­ri dö­ret­mek göz öňü­ne tu­tul­ýar.
Is­pa­ni­ýa­nyň San­tan­der şä­he­ri dün­ýä­dä­ki il­kin­ji «akyl­ly» şä­her­le­riň bi­ri ha­sap­la­n­ýar. 2011-nji ýyl­da bu şä­he­re 15 müň sa­ny sen­sor otur­dy­lyp, şä­he­riň ho­wa­sy­nyň, ýol he­re­ke­ti­niň, ha­pa atyl­ýan gu­tu­la­ry­nyň ýag­da­ýy ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar bir bi­te­wi ul­ga­ma bi­rik­di­ril­ýär we san­ly ul­ga­myň mag­lu­mat­la­ry­na esas­la­nyp, şä­her ila­ty­nyň ýüz­be-ýüz bol­ýan me­se­le­le­ri­ne çöz­güt tap­mak ba­bat­da il­kin­ji ädim­ler ädil­ýär. Bu gün bol­sa, Bar­se­lo­na, Ams­ter­dam, Nýu-Ýork, Çi­ka­go, Sin­ga­pur ýa­ly şä­her­ler «akyl­ly» şä­her kon­sep­si­ýa­syn­da öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär.
«Ar­ka­dag şä­he­ri-gel­je­giň şä­he­ri» at­ly ki­tap­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly: «Dün­ýä­de «akyl­ly» şä­her­le­riň dö­re­dil­me­gi BMG-niň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin öň­de go­ýan Gün ter­ti­bi­niň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ni na­za­ra al­ýar. Dur­nuk­ly ösü­şiň 17 mak­sa­dyn­dan ge­lip çyk­ýan adam­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­ny go­wu­lan­dyr­mak, bi­li­miň, san­ly mag­lu­mat­la­ryň el­ýe­ter­li­li­gi­ni üp­jün et­mek, eko­lo­gi­ýa ýe­ti­ril­ýän ýa­ra­maz tä­sir­le­riň öňü­ni al­mak, «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýe­ti or­naş­dyr­mak, adam­lar üçin oňaý­ly iş şert­le­ri­ni dö­ret­mek ýa­ly we­zi­pe­le­riň dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär».
Ýur­du­my­zyň iň gö­zel kün­je­gin­de gur­lan Ar­ka­dag şä­he­ri dün­ýä­niň in­že­ner­çi­lik yl­my­nyň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry bi­len mil­li bi­na­gär­lik ýö­rel­ge­le­ri­niň saz­la­şyk­ly ut­ga­şy­gy­ny özün­de jem­le­ýär. Bu ba­ra­da hor­mat­ly
Pre­zi­den­ti­miz: «Hä­zir­ki dö­wür äh­li ugur­lar­da tä­ze pi­kir­le­riň hem-de in­no­wa­si­on önüm­çi­lik­le­riň ze­rur­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­ýär. Kö­pet­da­gyň ete­gin­de bi­na edi­len Ar­ka­dag şä­he­ri hem ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň güýç-kuw­wa­ty­ny we ägirt uly ösüş müm­kin­çi­lik­le­ri­ni bü­tin dün­ýä äş­gär et­di. Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hyn­da­ky il­kin­ji «akyl­ly» şä­he­riň gur­lu­şyk­la­ryn­da mil­li we hä­zir­ki za­man bi­na­gär­li­gi­niň ösen tej­ri­be­le­ri ut­gaş­dy­ryl­dy» di­ýip bel­le­ýär.
Ar­ka­dag şä­he­ri öň­de­ba­ry­jy san­ly, mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk we «ýa­şyl» teh­no­lo­gi­ýa­la­ra esas­lan­ýan «akyl­ly» şä­he­riň aý­dyň nus­ga­sy­dyr. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Arkadag şä­he­ri­niň «akyl­ly» şä­her kon­sep­si­ýa­sy öň­de­ba­ry­jy mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň we in­ter­net se­riş­de­le­ri­niň saz­la­şy­gy­na esas­lan­ýar» di­ýen söz­le­rin­den hem göz ýe­tir­mek bol­ýar.
As­lyn­da, «akyl­ly» şä­her­le­ri gur­mak baş­lan­gy­jy döw­rüň ze­rur­ly­gyn­dan ugur al­ýar. Se­bä­bi «akyl­ly» şä­her­le­riň gu­rul­ma­gy ila­ta edil­ýän dur­muş hyz­mat­la­ry­ny ýe­ňil­leş­dir­mä­ge, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge kö­mek ed­ýär. Dün­ýä­niň glo­bal­laş­ýan şert­le­rin­de şä­he­riň ila­ty­nyň sa­ny­nyň uly dep­gin bi­len art­ma­gy ola­ra hyz­mat et­me­gi kä­mil­leş­dir­me­gi ta­lap ed­ýär. Şo­nuň üçin hem «akyl­ly» şä­her kon­sep­si­ýa­sy­nyň öze­ni­ni düz­ýän san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar ila­ta edil­ýän hyz­ma­ty kä­mil­leş­dir­mek­de ne­ti­je­li gu­ral bo­lup hyz­mat ed­ýär.

Güýçmyrat Soltanmyradow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.