Howanyň aşa yssy günlerinde suwsuzlygy gandyrmak üçin suw bilen bir hatarda, miwedir gök önümlerden, şeýle-de, ter gök otlardan taýýarlanan dürli içgiler hem-de şerbetler içilýär. Şolaryň biri hem hoşboý ysy bilen tapawutlanýan reýhan şerbetidir. Reýhan şerbeti öz gözbaşyny XV asyrdan alyp gaýdýar. Osmanlylar döwründe meşhur içimlikleriň birine öwrülen reýhan şerbeti saglyga peýdalydygy bilen tapawutlanýar. A, C witaminini, kalsiý we magniý ýaly minerallary özünde jemleýän reýhan şerbetiniň düzüminde az mukdarda süýüm, belok, uglewodlar we şeker bar. Esasan, ýaz we tomus pasyllarynda içilýän bu şerbet suwsuzlygy gandyrmak bilen bir hatarda, saglyga oňaýly täsir edýär.
Iýmit siňdiriş ulgamyny bejerýär. Reýhandan taýýarlanan şerbet iýmit siňdiriş ulgamyna oňaýly täsir edip, aşgazan keselleriniň öňüni almaga we bejermäge ýardam edýär. Çişmegiň we ýellenmegiň öňüni alýan bu içimlik mikroblara garşy göreşip, içegeleri zyýanly mikroorganizmlerden goraýar. Iýmit siňdiriş ulgamyndan ejir çekýän adamlara reýhan şerbetini içmek maslahat berilýär.
Immuniteti güýçlendirýär. Reýhan şerbetiniň düzüminde köp mukdarda C witamini saklanýar. C witamini bedende gyzyl gan öýjükleriniň öndürilişine goşant goşmak arkaly immuniteti güýçlendirýär. Şeýle hem erkin radikallara garşy göreşip, bedeni dürli ýokançlardan goraýar.
Deri üçin peýdaly. Reýhan şerbetindäki A witamini deri üçin peýdaly bolup, deridäki gyjynmalaryň we öýjükleriň (pigment) zeperlenmeginiň öňüni alýar. Bu içimlikdäki minerallar deriniň garramagynyň öňüni alyp, deride çyglylygyň kadaly derejede saklanmagyna ýardam edýär. Reýhan şerbetinde öýjükleriň sagdyn hem kadaly işlemegini üpjün edýän E witamini hem bar.
Nerw ulgamyny köşeşdirýär. Reýhan şerbeti rahatlandyryjy häsiýete eýe bolup, stresden we aladalardan dynmaga ýardam edýär. Bu içimlikdäki linalool we estragol ýaly efir ýaglary nerw ulgamyny köşeşdirip, rahatlyk duýgusyny güýçlendirýär.
Gandaky şekeri kadalaşdyrýar. Täze ýyglan reýhandan taýýarlanan şerbet gandaky şekeriň derejesini kadaly ýagdaýda saklamaga ýardam edýär. Mundan başga-da, süýji keseliniň döremek howpuny azaldýar.
Reýhan şerbetini nädip taýýarlamaly?
Gülgün reňkli, hoşboý ysly bu ösümlikden şerbet taýýarlamak o diýen kyn däl. Munuň üçin bir bogdak reýhan, islege görä şeker, 1 litr suw, ýarym limon, 1 taýajyk dalçyn gerek. Reýhanyň ter ýapraklaryny baldagyndan aýryp, mazaly ýuwmaly. Soňra 1 litr suwy pitä guýup, oduň üstüne goýmaly we gaýnaýança garaşmaly. Gaýnap duran suwa reýhanyň ýapraklaryny atmaly we bulamaly. Tagamly bolmagy üçin dalçyn goşup, gapagyny ýapyp, 20 minut töweregi goýmaly. Ýapraklar aşak çökenden soň, şerbeti süzgüçden geçirip, islege görä şeker goşup we limonyň şiresini sykmaly. Şekeri ereýänçä mazaly garyp, sowaýança garaşmaly. Taýýar bolan reýhan şerbetini biraz sowadyp içseň, has-da lezzetli bolýar.
PDF









