Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň finalyna çykmagy ýurtda uly şatlyk döretmek bilen birwagtda, lukmanlary hem alada goýýar. Ispaniýaly kardiolog Hose Abelýanyň aýtmagyna görä, dünýä çempionatynyň finaly ýaly ýokary emosional dartgynly oýunlar tomaşaçylaryň ýürek urşuny we ganda gormonlaryň derejesini duýdansyz ýokary göterýär. Bu bolsa ýürek infarktynyň hem-de aritmiýanyň döreme töwekgelligini 2,7 esse artdyrýar.
Lukmanlar aşa tolgunmagyň, esasan, gan basyşy ýokary, süýji keselli, derman we alkogol serişdelerini aşa ulanýan hem-de öň ýürek agyrysy bolan adamlarda agyr netijelere getirip biljekdigini duýdurýarlar. Şeýle hem sport bäsleşikleri wagtynda gursakda gysyjy agyrynyň duýulmagy, duýdansyz dem gysma hem-de oýundan soň hem durnuklaşmaýan ýürek urşy ýaly esasy üç alamata aýratyn üns berilmelidigi bellenilýär.
Hünärmenleriň tassyklamagyna görä, futbol oýnunyň özi göni infarkta sebäp bolman, eýsem ýürekdäki dowamly näsazlyklaryň üstüne güýçli tolgunmalaryň, aşa köp iýmitlenmegiň we alkogol içgilerini ulanmagyň goşulmagy howpy has-da güýçlendirýär. Lukmanlar saglygy goramak üçin bu bäsleşige diňe bir gyzykly sport tomaşasy hökmünde garamagyny, emosiýalary dolandyrmagy we zyýanly endiklerden daş durmagy maslahat berýärler.
PDF









