Peruda inkleriň imperiýasynyň «ýiten şäheri» hasaplanýan gadymy Maçu-Pikçu 1911-nji ýylyň 24-nji iýulynda amerikaly arheolog Haýram Bingem tarapyndan ýüze çykaryldy. Bu taryhy waka XX asyryň iň iri arheologik açyşlarynyň biri hökmünde taryha girdi. Deňiz derejesinden 2500 metr beýiklikde ýerleşýän bu gadymy şäheriň 1450-nji ýyllarda gurlup, imperatoryň rezidensiýasy hem-de dini merkezi bolup hyzmat edendigi bellenilýär.
PDF









