Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 35 ýyl­ly­gy­ny da­ba­ra­lan­dyr­ýan «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ta­gal­la­la­ry esa­syn­da ýur­du­myz­da äh­li ugur­lar­da saz­la­şyk­ly ösüş­ler ga­za­nyl­ýar, hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar, Wa­ta­ny­my­zyň şan-şöh­ra­ty dün­ýä dol­ýar. Şun­da ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyl­ly ýol-ýö­rel­ge­le­ri, müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­ti­ren aja­ýyp gym­mat­lyk­la­ry hal­ky­my­zy tä­ze ýe­ňiş­le­re ruh­lan­dyr­ýar. Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de ok­gun­ly ösüş­le­ri­mi­ziň, döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­mi­ziň do­wa­mat do­wam­dy­gy­na buý­san­ýar­syň. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Ga­raş­syz, ba­ky Bitarap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 35 ýyl­lyk to­ýu­na bar­ýan hal­ky­myz mö­hüm ta­ry­hy wa­ka­la­ry baş­dan ge­çir­ýär. Ýa­kyn­da türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 35 ýyl­lyk baý­ra­my­na, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça hormatly Prezidentimiziň tab­şy­ryk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy. Ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler gö­nü­den-gö­ni döw­let äh­mi­ýet­li, yn­san ha­kyn­da­ky ala­da­dan göz­baş alyp, adam­za­dyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Ata Wa­ta­ny­myz Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň alyp bar­ýan aý­dyň ýo­lun­dan mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy dün­ýä ýa­ýyp, şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­zy äle­me ta­na­dyp, be­dew ba­dy bi­len öňe bar­ýan hal­ky­myz pe­der ýo­lu­ny my­na­syp do­wam et­dir­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň da­şy­na mä­käm je­bis­le­şip, mu­kad­des Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­my­zyň 35 ýyl­lyk to­ýu­na bar­ýar. «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly­nyň 23-nji sent­ýab­ryn­da ge­çi­ril­jek Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­sin­de Wa­ta­ny­myz­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­riň, ýe­ti­len be­lent sep­git­le­riň ne­ti­je­le­ri jem­le­ner, öň­de du­ran mö­hüm we­zi­pe­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar. Halk mas­la­ha­ty ösü­şiň, ag­zy­bir­li­giň berk bin­ýa­dy­dyr. Il ag­zy­bir­li­gi­ne hem je­bis­li­gi­ne esas bo­lup, döw­let bi­len hal­ky mi­ze­mez bi­te­wi bir güý­je öwür­ýän Halk Mas­la­ha­ty­nyň ýur­du­my­zyň be­dew bat­ly ösüş­le­rin­de özü­ne my­na­syp be­lent pa­ýy bar­dyr.
Ge­ňeş­li bi­çi­len do­nuň gys­ga bol­ma­ýan­dy­gy­na ir dö­wür­ler göz ýe­ti­ren hal­ky­myz döw­let, jem­gy­ýet, maş­ga­la bi­len bag­ly is­len­dik me­se­lä­niň çöz­gü­di­ni maslahatlaşmak arkaly ka­bul edip­dir­ler. Gahryman Arkadagymyzyň «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen baş ýö­rel­ge­sin­den, hormatly Prezidentimiziň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen baş şy­ga­ryn­dan ruh­la­nyp ýa­şa­ýan hal­ky­myz ta­ry­hy wa­ka­la­ra şa­ýat bol­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň her ýyl Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­me­gin­de uly ma­ny bar.
Gö­rog­ly beg ýa­ly gaý­rat­ly hem eder­men şah­sy­ýe­ti ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­di­ren Jy­ga­ly ­beg hem öz ag­ty­gy­na eden pen­din­de yn­san dur­mu­şy­ny ma­ny­laş­dyr­ýan köp san­ly nus­ga­lyk edim-gy­lym­la­ryň ha­ta­ryn­da ýa­şu­ly nes­le hor­mat-sy­lag goý­ma­gyň du­ran­dy­gy­ny ün­däp:
Ýa­şu­lu­lar ge­ňeş et­se,
Ýag­şy-ýa­ma­na göz ýet­se,
Il-hal­kyň bir iş tut­sa,
Sen on­dan ga­ly­jy bol­ma! –
di­ýip, ýa­şa­jyk Gö­rog­ly­nyň aňy­na ýa­şu­lu­la­ryň her­giz ýag­şy-ýa­ma­na göz ýe­tir­män iş et­me­jek­dik­le­ri­ni, şeý­le ge­ňeş­li işiň ba­şyn­da dur­ma­gyň bol­sa il-halk bi­len bir bi­te­wü­li­gi aň­lad­ýan­dy­gy­ny guý­ýar.
Ata-ba­ba­la­ry­myz ýa­şu­lu­lar­dan mas­la­hat so­ra­ma­gy ün­däp­dir­ler. «Ge­ňe­şe­ne giň dün­ýä», «Ge­ňeş­li don gys­ga bol­maz», «Mert sö­weş­de bel­li, da­na – ge­ňeş­de», «Ilim-gü­nüm bol­ma­sa, Aýym-Gü­nüm dog­ma­syn» ýa­ly pä­him­ler hem muňa şa­ýat­lyk ed­ýär. Goý, hal­ky­nyň şöh­rat­ly ta­ry­hy, şan­ly şu gü­ni, nu­ra­na gel­je­gi ug­run­da gi­je­si­ni gün­diz edip zäh­met çek­ýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jan­la­ry sag, be­lent baş­la­ry aman, tut­ýan tu­tum­ly iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun!

Mährijemal BEREKETOWA,
Aşgabat şäherindäki 45-nji orta mekdebiň mugallymy.