Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ylym we bilim ulgamy milli ösüşiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yglan edilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler has-da giň gerime eýe bolup, ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna, ylmyň ösüşine we innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, häzirki wagtda dalaşgärler ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryny tabşyrýarlar.
Resminamalary kabul etmek tamamlanandan soňra ýokary okuw mekdeplerinde hünärmen we bakalawr maksatnamalary boýunça okuwa girjek dalaşgärler üçin giriş synaglary başlanar. Dalaşgärler üçin giriş synaglary bellenen senelerde geçiriler we awgust aýynyň ahyrynda tamamlanar. Giriş synaglary ýokary okuw mekdeplerinde amala aşyrylar. Geçen ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine talyplyga kabul edilenleriň sany 17 müňe golaý boldy. 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyna laýyklykda, bu görkeziji 18 müňden geçer, ýagny 1239 dalaşgär köp kabul ediler. Türkmenistanyň barha ösýän ykdysady kuwwatyny, dürli ugurlar boýunça hünärmenleriň zerurlygyny nazara alyp, 2026 – 2027-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň jemi 20-si açylýar. Hünärmen maksatnamasy boýunça jemi 10 hünär, bakalawr maksatnamasy boýunça 4 taýýarlygyň ugry hem-de magistr maksatnamasy boýunça 6 taýýarlygyň ugry göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde bakalawr maksatnamasy boýunça emeli aň we ekspert ulgamlary taýýarlygyň ugry, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde emeli aň we maglumatlary seljermek hünäriniň açylmagy türkmen ýaşlarynyň häzirki zaman tehnologiýalaryna işjeň aralaşmagyna giň mümkinçilik döreder.
Häzirki wagtda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan iki sany ýokary okuw mekdebiniň täze binalar toplumy täze okuw ýylynda ulanmaga berler. Olar Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň döwrebap binalar toplumydyr.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň binagärlik keşbi, 15 gatdan ybarat esasy binasy görenleri haýrana goýýar. Toplumyň düzümine girýän 4 sany döwrebap okuw binasy, 1 müň orunlyk kaşaň mejlisler zaly, ylmy neşirler bilen üpjün ediljek kitaphana, sergi merkezi we dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport toplumy bitewi sazlaşygy emele getirýär. Taslamada türkmen halkynyň gadymy medeni mirasy we döredijilik ruhy bilen innowasion çözgütler utgaşdyrylandyr.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bolsa, dolandyryş-okuw binasyny, bu ýerde ýerleşýän 700 we 200 orunlyk mejlisler zalyny, fakultetler üçin 2 sany okuw binalaryny, mugallymlara niýetlenen 12 öýli 1 sany jaýy, talyp ýaşlar üçin 2 müň orunlyk 5 sany umumyýaşaýyş jaýyny, 1000 orunlyk naharhanany, 700 orunlyk kitaphanany, 500 orunlyk stadiony, sport zalyny we 3 sany sport meýdançany, her biri 200 awtoulaga niýetlenen açyk we bassyrmaly awtoduralgalary öz içine alýar.
Umuman, ýurdumyzda ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine işjeň gatnaşmaklary, innowasion başlangyçlaryny we döredijilik pikirlerini durmuşa geçirmekleri üçin ähli amatly şertler döredilýär.
Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyklykda bilim alyp, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda yzygiderli tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Ýagşygül Baýgeldiýewa,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyñ Merkezi ylmy kitaphanasynyň esasy kitaphanaçysy.
PDF








