Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­tyn­da ylym we bi­lim ul­ga­my mil­li ösü­şiň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­nen­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da yg­lan edi­len «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler has-da giň ge­ri­me eýe bo­lup, ýaş­laryň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy­na, yl­myň ösü­şi­ne we in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hem­mä­mi­ziň bil­şi­miz ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da da­laş­gär­ler ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne res­mi­na­ma­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar.
Res­mi­na­ma­la­ry ka­bul et­mek ta­mam­la­nan­dan soň­ra ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de hü­när­men we ba­ka­lawr mak­sat­na­ma­la­ry bo­ýun­ça oku­wa gir­jek da­laş­gär­ler üçin gi­riş sy­nag­la­ry baş­la­nar. Da­laş­gär­ler üçin gi­riş sy­nag­la­ry bel­le­nen se­ne­ler­de ge­çi­ri­ler we aw­gust aýy­nyň ahy­ryn­da ta­mam­la­nar. Gi­riş sy­nag­la­ry ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de ama­la aşy­rylar. Ge­çen ýyl ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne ta­lyp­ly­ga ka­bul edi­len­le­riň sa­ny 17 mü­ňe go­laý bol­dy. 2026-njy ýyl­da ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne oku­wa ka­bul et­me­giň me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, bu gör­ke­zi­ji 18 müň­den ge­çer, ýag­ny 1239 da­laş­gär köp ka­bul edi­ler. Türk­me­nis­ta­nyň bar­ha ös­ýän yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny, dür­li ugur­lar bo­ýun­ça hü­när­men­le­riň ze­rur­ly­gy­ny na­za­ra alyp, 2026 – 2027-nji okuw ýy­lyn­da ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de tä­ze hü­när­le­riň we taý­ýar­ly­gyň ugur­la­ry­nyň je­mi 20-si açyl­ýar. Hü­när­men mak­sat­na­ma­sy bo­ýun­ça je­mi 10 hü­när, ba­ka­lawr mak­sat­na­ma­sy bo­ýun­ça 4 taý­ýar­ly­gyň ug­ry hem-de ma­gistr mak­sat­na­ma­sy bo­ýun­ça 6 taý­ýar­ly­gyň ug­ry göz öňün­de tu­tul­ýar.
Şeý­le hem Hal­ka­ra se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler uni­wer­si­te­tin­de ba­ka­lawr mak­sat­na­ma­sy bo­ýun­ça eme­li aň we eks­pert ul­gam­la­ry taý­ýar­ly­gyň ug­ry, Türk­me­nis­ta­nyň Ara­gat­na­şyk mi­nistr­li­gi­niň Po­li­teh­ni­ki or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de eme­li aň we mag­lu­mat­la­ry sel­jer­mek hü­nä­riniň açy­lmagy türk­men ýaş­la­ry­nyň hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na iş­jeň ara­laş­ma­gy­na giň müm­kin­çi­lik dö­re­der.
Hä­zir­ki wagt­da gur­lu­şy­gy ta­mam­laý­jy tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýan iki sa­ny ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň tä­ze bi­na­lar top­lu­my tä­ze okuw ýy­lyn­da ula­n­ma­ga ber­ler. Olar Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň we Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň döw­re­bap bi­na­lar top­lu­my­dyr.
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň tä­ze bi­na­lar top­lu­my­nyň bi­na­gär­lik keş­bi, 15 gat­dan yba­rat esa­sy bi­na­sy­ gö­ren­le­ri haý­ra­na goý­ýar. Top­lu­myň dü­zü­mi­ne gir­ýän 4 sa­ny döw­re­bap okuw bi­na­sy, 1 müň orun­lyk ka­şaň mej­lis­ler za­ly, yl­my ne­şir­ler bi­len üp­jün edil­jek ki­tap­ha­na, ser­gi mer­ke­zi we dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän sport top­lu­my bi­te­wi saz­la­şy­gy eme­le ge­tir­ýär. Tas­la­ma­da türk­men hal­ky­nyň ga­dy­my me­de­ni mi­ra­sy we dö­re­di­ji­lik ru­hy bi­len in­no­wa­si­on çöz­güt­ler ut­gaş­dy­ry­lan­dyr.
Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty bol­sa, do­lan­dy­ryş-okuw bi­na­sy­ny, bu ýer­de ýer­leş­ýän 700 we 200 orun­lyk mej­lis­ler za­ly­ny, fa­kul­tet­ler üçin 2 sa­ny okuw bi­na­la­ry­ny, mu­gal­lym­la­ra ni­ýet­le­nen 12 öý­li 1 sa­ny ja­ýy, ta­lyp ýaş­lar üçin 2 müň orun­lyk 5 sa­ny umu­my­ýa­şa­ýyş ja­ýy­ny, 1000 orun­lyk na­har­ha­na­ny, 700 orun­lyk ki­tap­ha­na­ny, 500 orun­lyk sta­dio­ny, sport za­ly­ny we 3 sa­ny sport meý­dan­ça­ny, her bi­ri 200 aw­tou­la­ga ni­ýet­le­nen açyk we bas­syr­ma­ly aw­to­du­ral­ga­la­ry öz içi­ne al­ýar.
Umu­man, ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň ýo­ka­ry hil­li bi­lim al­ma­gy, ylym bi­len meş­gul­lan­ma­gy, giň ge­rim­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne iş­jeň gat­naş­mak­la­ry, in­no­wa­si­on baş­lan­gyç­la­ry­ny we dö­re­di­ji­lik pi­kir­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mek­le­ri üçin äh­li amat­ly şert­ler dö­re­dil­ýär.
Hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, ýaş­la­ryň dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da bi­lim alyp, ökde hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri ug­run­da yzy­gi­der­li ta­gal­la­ ed­ýän Gahryman Arkadagymyzyň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň jan­la­ry­nyň sag, iş­le­ri­niň ro­waç bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris.

Ýagşygül Baýgeldiýewa,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyñ Merkezi ylmy kitaphanasynyň esasy kitaphanaçysy.