Dünýä Kubogynda çärýek finala çykyp, Ispaniýadan utulan Belgiýanyň ýygyndysynda fransiýaly tälimçi Rudi Garsiýa wezipesinden boşadylypdy. Onuň ornuna bellenen täze tälimçi mälim edildi.
Şeýlelikde, Belgiýanyň milli ýygyndysynyň täze tälimçisi olaryň goňşusy Niderlandlardan Mark wan Bommel boldy. Ol 15-nji awgustdan başlap, täze wezipesine girişer. 49 ýaşyndaky hünärmeniň 2 ýyllyk şertnama baglaşandygy mälim edildi.
“Fortuna Sittard”, PSW, “Barselona”, “Bawariýa”, “Milan” ýaly klublarda oýnan Wan Bommel PSW, “Wolfsburg” hem-de “Antwerpen” toparlaryna tälim berdi. Ol “Antwerpen” toparyna çempionlyk, ýurduň kubogyny hem-de Super Kubogyny gazandyrypdy.
Belgiýanyň ýygyndysyny özleri üçin altyn nesil diýilýän futbolçylary bilen Russiýa 2018-de 3-nji orny eýeledi. Katar 2022-de toparçadan hem çykyp bilmändi. Bu çempionatda bolsa çärýek finaldan yzyna gaýtdy.
Wan Bommel 2009-10-njy ýyllarda gysga wagtlyk türgenleşdiren Dik Adwokatdan soň Belgiýa tälim berjek 2-nji niderland hünärmeni bolar.
PDF









