Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” topary Angliýanyň “West Ham” toparyndan niderland oýunçy Krisensio Sammerwili transfer etdi. Arap topary 24 ýaşyndaky winger üçin iňlis klubuna 65,3 million ýewro berer. Bu mukdaryň üstüne ýene-de 10 million ýewronyň hem goşulmagy mümkin. “Al-Hilal” topary Sammerwil bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. Sammerwill “West Hamdan” öň öz ýurdunda “Dordreht” hem-de “ADO Den Haag” klublarynda, şol sanda Angliýada “Lids Ýunaýtedde” oýnady. Ol Niderlandlaryň ýygyndysynda Dünýä Kubogynda çykyş edip, 2 gol geçirdi.