26-njy iýulda NASA-nyň astronawty Kris Wilýams hem-de «Roskosmosyň» kosmonawtlary Sergeý Kud-Swerçkow we Sergeý Mikaýewden ybarat bolan bilelikdäki amerikaly-russiýaly ekipaž Halkara kosmos bekedindäki (HKB) sekiz aýlyk ylmy missiýasyny tamamlap, «Soýuz MS-28» kosmos gämisinde Ýere sag-aman gaýdyp geldi. Kosmos gämisi Ýerli wagt bilen sagat 15:27 töweregi Gazagystanyň Žezkazgan şäheriniň günorta-gündogarynda gonduryldy. Kosmos bekedinde geçen 241 günüň dowamynda ekipaž Ýeriň daşyndan 3 856 gezek aýlanyp, 102 million milden gowrak aralygy geçdi we Ýerdäki durmuşy gowulandyrmaga hem-de Aýa we Marsa meýilleşdirilýän geljekki uçuşlara taýýarlyk görmäge gönükdirilen giň gerimli ylmy-barlag işlerini geçirdi.

Gulluk saparynyň dowamynda NASA-nyň astronawty Kris Wilýams rak keselini bejermegiň täze usullaryny işläp düzmäge, ýokary öndürijilikli kompýuterler we elektronika üçin täze materiallary öndürmäge gönükdirilen ylmy tejribeleri geçirdi, şeýle hem bekediň kuwwat ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we «Canadarm2» robotlaşdyrylan eliň näsazlyklaryny aradan aýyrmak üçin açyk kosmosa iki gezek çykdy. Öz gezeginde, russiýaly kosmonawtlar MKS-74 missiýasynyň çäklerinde Günüň teragers şöhlesini öwrenýän «Solnse-Teragerc» ylmy enjamlaryny gurnamak maksady bilen bir gezek açyk kosmosa çykdylar we bekediň durnukly işini üpjün etmek üçin zerur bolan suw, ýangyç we gaz ätiýaçlyklaryny getiren «Progress MS» ýük gämileriniň ikisini kabul etdiler.

Gondurylandan soň ekipažyň agzalary degişli lukmançylyk barlagyndan geçip, gözleg-halas ediş toparlary bilen duşuşdylar we Karaganda şäherine ugradyldylar. Şondan soň K.Wilýams NASA-nyň uçarynda Hýustondaky Jonson adyndaky kosmos merkezine, S.Kud-Swerçkow bilen S.Mikaýew bolsa Moskwanyň golaýyndaky «Ýyldyzly şäherçede» ýerleşýän Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkezine ugradyldy.

Häzirki wagtda HKB-de täze ekipaž – NASA-nyň astronawty Anil Menon hem-de «Roskosmosyň» kosmonawtlary Pýotr Dubrow we Anna Kikina «Soýuz MS-29» gämisinde öz gulluk borçlaryna girişdiler. Olar beketdäki beýleki kärdeşleri bilen bilelikde 2027-nji ýylyň baharyna çenli dowam etjek 75-nji ekspedisiýanyň çäklerinde kosmosda önümçilik tehnologiýalaryny, emeli aň we goşmaça hakykat usullaryny hem-de adam dokumalarynyň bioprosesini öwrenmek boýunça ylmy-barlag işlerini geçirerler.