25-nji iýulda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystan bilen Russiýanyň arasynda sebitara hyzmatdaşlygyň forumyna gatnaşmak üçin Omskda saparda boldy. Ol saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Omsk şäherinde geçirilen Russiýanyň we Gazagystanyň sebitara hyzmatdaşlygynyň XXII forumynyň çäklerinde umumy bahasy 65 milliard rubldan (831,5 million ABŞ dollary) gowrak bolan ylalaşyklar toplumyna gol çekildi.

Omsk oblastynyň gubernatory Witalij Hoçenkonyň bellemegine görä, forumyň meýdançalarynda logistika, ekologiýa we senagat kooperasiýasy boýunça pudaklaýyn mejlisler, ýaşlar çäreleri, sergi hem-de işewürlik geňeşiniň duşuşygy geçirildi. Bu çärelere 400-den gowrak kompaniýa gatnaşyp, gazanylan şertnamalar iki ýurduň işewür düzümleriniň özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan uly gyzyklanmasyny tassyklady.

Iki döwletiň sebitara hyzmatdaşlyk forumy 24-25-nji iýul günlerinde geçirildi. Omsk şäheri bu çäräni eýýäm üçünji gezek (ozal 2003-nji we 2019-njy ýyllarda) kabul etdi. Maslahatlaşmalaryň gün tertibi taraplaryň arasyndaky ykdysady, medeni hem-de ynsanperwer amallary pugtalandyrmaga, sebitleriň we telekeçileriň arasyndaky göni gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir.