Gazagystanyň Mangistau sebitinde ýerleşýän Beket ata, Şopan ata, Garaman ata, Şakpak ata we Sultan Upi gaýa metjitleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu barada Günorta Koreýanyň Pusan şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 48-nji sessiýasynda degişli karar kabul edildi. Bu taryhy desgalary halkara sanawa girizmek başlangyjy Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew tarapyndan öňe sürlüp, doly goldaw tapdy. Resmileriň bellemegine görä, meşhur gaýa metjitleriniň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy dünýä bileleşiginiň ünsüni ýurduň baý medeni mirasyna çekmäge, halkara syýahatçylygy ösdürmäge hem-de degişli infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge uly itergi berer. Gazagystan tarapy mundan başga-da Žarkent metjidini, Woznesensk kafedral ybadathanasyny, Karatau petrogliflerini we Abaýyň «Nesihat sözleri» eserini hem ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek boýunça degişli işleri alyp barýar.