Woleýbol boýunça zenanlaryň arasyndaky Milletler Ligasynda Türkiýäniň ýygyndysy çempionlyk gazandy. Makaoda (Hytaý) geçirilen final tapgyrynda Türkiýäniň ýygyndysy çärýek finalda Kanadany 3:1, ýarym finalda-da Hytaýy 3:0 hasaplar bilen ýeňip, finalda Braziliýanyň garşydaşy boldy. Braziliýanyň ýygyndysy çärýek finalda Ýaponiýadan 3:1, ýarym finalda-da kynlyk bilen bolsa-da Italiýadan 3:2 hasabynda üstün çykdy.
Final duşuşygynda 1-nji setde braziller 25:23 hasabynda ýeňiş gazandy. 2-nji setde hem şol netije gaýtalanyp, bu gezek Türkiýäniň ýygyndysy üstün çykdy. Çekeleşikli geçen 3-nji setde Türkiýäniň ýygyndysy 26:24 hasabynda ýeňiş gazandy. 4-nji setde-de hem ýeňiş 25:21 hasap bilen üstün çykan türkleriň tarapynda boldy.
Şeýlelikde, 3:1 hasabynda üstün çykan Türkiýäniň ýygyndysy 8-nji gezek geçirilýän bu ýaryşda 2023-nji ýyldan soň, 2-nji çempionlygyny baýram etdi. Toparyň ýyldyz woleýbolçysy Melissa Wargas 2023-nji ýyldan soň ýene-de ýaryşyň iň ökde oýunçysy diýlip saýlandy.
2018-nji ýylda geçirilip başlanan bu ýaryşda şu wagta çenli ABŞ-nyň ýygyndysy (2018, 2019, 2021) bilen Italiýanyň ýygyndysy (2022, 2024, 2025) 3, Türkiýäniň ýygyndysy-da (2023, 2026) 2 gezek çempion bolmagy başardy.
Bassyr 2-nji, umumylykda 5-nji gezek finalda utulan Braziliýanyň ýygyndysyna ýene-de çempionlyk gazanmak başartmady. Olar geçirilen 8 ýaryşyň 7-sinde ýarym finala çykyp, 5 gezek kümüş medaly eýeläp, 2 sapar hem 4-nji orna mynasyp boldy.
3-nji ýer ugrundaky duşuşykda Italiýanyň zenanlar ýygyndysy Hytaýyň milli toparyny 3:1 hasabynda ýeňip, ilkinji bürünç medalyny gazandy.
PDF









