Dünýäniň iň abraýly ýol welosiped ýaryşy “Tour de France” bäsleşigi tamamlandy. 113-nji gezek geçirilen ýaryşda ýene-de “UAE Team Emirates XRG” toparynyň sloweniýaly sürüjisi Tadeý Pogaçar ýeňiji boldy. Pogaçar 21 tapgyrdan ybarat 3 müň 245 kilometrlik ýaryşy 73 sagat 56 minut 26 sekuntda tamamlady. 6-njy tapgyrdan soň umumy sanawda öňe saýlanan Pogaçar ýaryş tamamlanýança ornuny saklamagy başardy. 3-6-10-14-19-njy tapgyrda pellehana hemmeden öň gelen 27 ýaşyndaky Pogaçar bassyr 3-nji gezek “Tour de France” ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Bu onuň 5-nji çempionlygy bolup, mundan öň 2020-nji, 2021-nji, 2022-nji, 2024-nji, 2025-nji ýyllarda dünýäniň iň abraýly welosiped bäsleşiginde ýeňiş gazanypdy. Pogaçar “Tour de France” ýaryşynda 5 çempionlyk gazanan 4-nji türgen bolup, ondan öň Žak Anketil, Eddi Merks, Bernar Hino hem-de Migel Indurian şeýle başarnyk görkezipdi.
Şol bir wagtyň özünde bu Pogaçaryň uly ýaryşlardaky 6-njy çempionlygy bolup, ol 2024-nji ýylda “Giro d’Italia”-da münberiň iň ýokary basgançagyna çykypdy. Onuň häzirlikçe 3-nji uly ýaryş hasaplanýan “Vuelta a Espana”-da çempionlygy ýok.
113-nji “Tour de France” ýaryşynda Pogaçardan 6 minut 26 sekunt pes netije görkezen “Red Bull–Bora–Hansgrohe” toparynyň belgiýaly türgeni Remko Ewenepol 2-nji, 9 minut 42 sekunt yza galan meksikaly Aýzaak del Toro (“UAE Team Emirates XRG”) 3-nji orny eýeledi.
Utuk toplamak ýaryşynda “Lidl-Trek” toparynyň daniýaly türgeni Mads Pedersen ýeňiji bolup, ýaşyl köýnekçäniň eýesi boldy. Dag ýaryşy boýunça bolsa “EF Education–EasyPost” toparynyň ekwadorly sürüjisi Rikard Karapaz ýeňiş gazandy. Ýaşlaryň arasynda Pogaçaryň meksikaly topardaşy Aýzaak del Toro münberiň iň ýokary basgançagyna çykdy.
Toparlaryň arasynda 224 sagat 57 m,inut 43 sekuntlyk görkeziji bilen “Lidl-Trek” 1-nji, ondan 36 minut 57 sekunt az netije görkezen “UAE Team Emirates XRG” 2-nji, şeýle-de “Red Bull–Bora–Hansgrohe” topary-da 3-nji orny eýeledi.
PDF









