Ýewropanyň öňdebaryjy 5 çempionatynyň täze möwsümine ilkinji bolup başlajak çempionat Ispaniýanyň “La Ligasydyr”. Adatça awgust aýynyň ahyrynda başlaýan çempionatyň täze 96-njy möwsümi 15-nji awgustda badalga alar. Futbol janköýerleriniň iň söýgüli çempionaty Angliýanyň “Premier Ligasy” bolsa 21-nji awgustda täze möwsüme başlar. Şol gün başga bir çempionat, Fransiýanyň “Ligue 1”-i hem täze möwsüme bat berer. 22-nji awgustda Italiýanyň çempionaty “Serie A”-nyň täze möwsümi başlansa, Germaniýanyň “Bundesligasy” bu gezek ozalkylardan tapawutlylykda iň soňky bolup bat alar. “Bundesliganyň” täze möwsümi 28-nji awgustda başlanar.
Şol sanda Şotlandiýanyň çempionaty “Premiership” şu gije başlasa, ertir 1-nji awgustda Awstriýanyň “Bundesligasynyň” täze möwsümine badalga berler. Portugaliýanyň çempionaty “Premeira Liga” bilen Niderlandlaryň çempionaty “Eredivisie”, Belgiýanyň çempionaty “Pro Liga” 7-nji awgustda, Türkiýäniň çempionaty “Süper Lig” 14-nji awgustda, Gresiýanyň “Super Ligasy” bolsa 22-nji awgustda badalga alar.
Russiýanyň çempionaty “Premýer Liga” 24-nji iýulda başlap, şu hepdäniň ahyrynda 2-nji tapgyryň oýunlary geçiriler.
PDF









