Abu-Dabiniň Kazyýet departamenti (ADJD) dünýäde ilkinji bolup emeli aňa esaslanýan toplumlaýyn kazyýet platformasyny önümçilige ornaşdyrmak taslamasyny durmuşa geçirýär. Bu ulgam adamyň doly gözegçiligi we barlagy astynda kazyýet hem-da hukuk kararlarynyň kabul edilmegine ýardam bermek, şeýle hem iş önümliligini we takyklygy ýokarlandyrmak üçin niýetlenendir. Taslamanyň ilkinji tapgyryna sentýabr aýynda başlanyp, ol 18 aýyň dowamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylar. Abu-Dabiniň Kazyýet departamentiniň ýolbaşçysynyň orunbasary Ýusef Said al-Abri bu innowasion ädimiň Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti şeýh Mohammed bin Zaýed Al-Nahaýýanyň innowasiýalary ösdürmek we sanly özgerişikleri netijeli amala aşyrmak baradaky çakylyklaryna doly laýyk gelýändigini belledi. Emeli aň tehnologiýalarynyň ulanylmagy kazyýet işleriniň seredilişini çaltlandyrmaga hem-de döwlet hyzmatlarynyň ýokary hilli we ygtybarly ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berer.
PDF









