Yzly-yzyna 3 gezek Dünýä Kubogynyň daşynda galan dünýäniň 4 sapar çempiony Italiýanyň ýygyndysynda soňky 15-20 günde birnäçe waka bolup geçdi. Ýurduň futbol federasiýasynyň başlygy täzelenip, ozalky meşhur futbolçy Paolo Maldini milli toparyň tehniki direktory wezipesine bellenipdi. Onuň maslahatçysy hökmünde-de braziliýaly meşhur futbolçy Leonardo goýlupdy. Maldini we maslahatçysy Leonardo ilki Pep Guardiolanyň kapysyny kakdy. Ýöne ussat hünärmen yzy üznüksiz tälimçilikden soň az-salym dynç aljakdygyny aýdyp, teklipden ýüz öwürdi. Italiýanyň meşhur tälimçisi Karlo Ançelotti Braziliýanyň ýygyndysy bilen 2030-njy ýyla çenli şertnamasynyň bardygyny aýtdy. Soňra 3-nji dalaşgär Andrea Pirlo bilen ylalaşyk gazanyldy. Ýöne Andrea Pirlonyň Russiýanyň “Fonbet” kompaniýasy bilen işewürlik hem-de mahabat maksatly şertnamasynyň bardygyny nazarda tutan federasiýanyň täze saýlanan ýolbaşçysy, 67 ýaşyndaky Gowanni Malago şertnama baglaşyp biljek däldigini mälim etdi. Bu ýagdaýdan soň hem Maldini, hemem Leonardo işini taşlady. Aslynda, Maldini hem-de Leonardo milli ýygyndyda geljegi nazarlap, täze ýaş tälimçi bilen işe başlamak isläpdiler.
Netijede, Roberto Mançini bilen şertnama baglaşyldy. EURO 2020-de Italiýa çempionlyk gazandyran 61 ýaşyndaky Mançini 2018-2023-nji ýyllarda milli topary türgenleşdiripdi. Onuň tälimçiliginde Italiýanyň ýygyndysy 37 oýunlap ýeňilmän rekord goýupdy. Şol rekordy iki hepde mundan öň Ispaniýa täzelemegi başardy. Mançini 2023-nji ýylda Saud Arabystanynyň milli ýygyndysy bilen şertnama baglaşyp, 2024-nji ýylda-da wezipesinden boşadylypdy. Soňra Kataryň “Al-Sadd” toparynda-da 1 möwsüme golaý işlän Mançini Italiýanyň ýygyndysyna täzeden gaýdyp geldi. Ol Italiýanyň ýygyndysyna 61 oýun tälim beripdi (37 ýeňiş, 15 deňlik, 9 ýeňliş).
Tälimçilige “Fiorentina” toparynda başlan soňra “Lasiony” türgenleşdirdi. Iki topar bilenem Italiýanyň Kubogyny gazanmagy başardy. “Interde” yzly-yzyna 4 möwsüm “Serie A”-nyň çempionlygyny gazanyp, 2012-nji ýylda “Mançester Siti” toparyny 44 ýyldan soň Angliýanyň çempiony edipdi. Soňlugy bilen, “Galatasaraý”, täzeden “Inter” hem-de “Zenit” klublarynda işlän ussat tälimçi türgenleşdiren klublarynyň ählisinde diýen ýaly azyndan 1 kubok gazandy.
Şeýle-de, Italiýada Paolo Maldininiň ornuna ussat, weteran tälimçi Klaudio Ranieri tehniki direktor bolup, ol Mançini bilen milli ýygyndyny ýeňişlere eltmek üçin elde baryny gaýgyrman tagalla eder.
PDF









