Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) bellemegine görä, dünýäde towugyň 1 müň 600-den gowrak görnüşi bar. Towugyň köp görnüşi eldekileşdirilen bolup, Aziýada ýaşaýan gyzyl jeňňel towugy öý towugynyň ýeke-täk ýabany görnüşidir. Gazetimiziň şu sanynda «Ýedi hazynanyň biri» hasaplanýan öý towugynyň täsin görnüşleri baradaky maglumatlary size ýetirýäris.
Serama (girdenek towuk). Malaýziýada bezeg üçin saklanýan serama kiçijik göwresi we owadan reňki bilen görenleri haýran galdyrýar. Döşüni arkan gaýşardyp duran girdenek towugyň agramy 250-500 grama, boýy 15-25 santimetre çenli ýetýär. Ýylyň dowamynda 80-160 ýumurtga berýän kiçijik towuk çygly howa şertine çydamsyzdyr. Dünýäde iň kiçi towuk tohumy hasaplanýan serama Malaýziýanyň milli guşy hasaplanýar. Doly ady «Aýam Serama» (kiçi towuk) bolan girdenek towuk soňky 50 ýylyň dowamynda seçgiçilik netijesinde emele gelipdir. Maglumatlara görä, Malaýziýanyň Kelantan ştaty serama towugynyň dörän ýeri hasaplanýar. Irki ýyllarda patyşalara sowgat berlen kiçijik towuklar 1990-njy ýyllarda köpçülige mälim edilýär. Horazlaryň uzak gygyrmak ýaryşlarynda we gözellik bäsleşiklerinde öňdäki orny eýeleýän serama 2000-nji ýyldan soň Amerika we Ýewropa ýurtlaryna ýaýraýar. Kiçidigine garamazdan, serama uly towuklardaky ähli häsiýeti özünde jemleýär. Iň ökde çöpleýjiler hasaplanýan seramalar ekerançylyk ýerlerindäki haşal otlaryň köküni, gurçukdyr mör-möjekleri azaltmaga ýakyndan ýardam edýär. 7-10 ýyla çenli ýaşaýan girdenek towuklar 15-18 hepdede ýetişýär.
Onagadori (uzyn guýrukly towuk). Dünýäde towugyň seýrek duş gelýän görnüşleriniň biri bolan onagadori uzyn seçekli guýrugy bilen tapawutlanýar. Bezeg hökmünde idedilýän towugyň bu görnüşi ýapon dilinde «hormat guşy» diýen manyny aňladýar. Onagadoriniň horazynyň guýrugy 16-18 ýelekden ybarat bolup, uzynlygy 1,5-12 metre çenli ýetýär. XVII asyrda Ýaponiýanyň günortasyndaky daglyk sebit bolan Şikoku adasyndaky Koti şäherinde towugyň uzyn guýrukly görnüşi seçilip alynýar. 1900-nji ýyllarda resmi taýdan ykrar edilen onagadori towugy 1952-nji ýylda «tebigy hazyna» diýlip atlandyrylýar. Ýurtda onagadoriniň ýumurtgasyny köpçülige ýaýratmak gadagan edilýär. Dünýädäki umumy sanynyň müň töweregidigi çaklanylýan ýapon towugynyň agramy 1-1,5 kilograma ýetýär. Adama çalt öwrenişýän towugyň bu tohumy ýylda 50-100 ýumurtga berýär. Onagadoriniň döşi gara gyzyl reňkli, gara döşli kümüşsöw reňkli, açyk gara döşli altynsow reňkli we ap-ak reňkli esasy 4 görnüşi duş gelýär. Towugyň bu görnüşi 10-15 ýyl ýaşaýar.
Soltan towugy (ak telpekli towuk). Adamyň idegine mätäç, owadan we ekzotik guşlaryň biri hem soltan towugydyr. XIV asyrda Osman imperiýasy döwründe seçilip alnan soltan towugy diňe şa maşgalasy tarapyndan saklanypdyr. Towugyň bu tohumy kellesindäki telpege meňzeş tüý örtügi we aýagyndaky seçegi bilen tapawutlanýar. Owadanlyk üçin saklanylýan soltan towugy sowuk we yssy howa çydamsyz bolup, tropik sebite çalt uýgunlaşýar. Ýerli halkyň arasynda «Saraý towugy», «Köşk towugy» diýlip atlandyrylýan soltan towugynyň ählisi ak reňkde bolýar. 1850-nji ýyllardan soň Angliýa we Amerika getirilen ak towuklar ýylda 50 ýumurtga berýär. 5 ýyla çenli ýaşaýan soltan towugynyň agramy 1,5-2,7 kilograma, boýy 45 santimetre ýetýär.
Dong-tao towugy (aždarha aýakly towuk). Seýrek duş gelýän wýetnam towugy tagamly eti bilen tapawutlanýar. Paşşyk aýakly towugyň bu görnüşi Hanoýdan 30 kilometr uzaklykdaky Dong-tao etrabynda ösdürilip ýetişdirilýär. Aýagy örän tagamly iýmit hasaplanýan dong-tao towugynyň agramy 6 kilograma çenli ýetýär. Uzakdan göreniňde äpet dabanly kiçijik dinozawra meňzeýän towuklaryň aýagy adamyň bilegi ýaly galyňlykda bolýar. Az ýumurtga berýän paşşyk aýakly towuklar, esasan, et önümçiligi üçin ösdürilip ýetişdirilýär. Häzirki wagtda Hoan Long etrabynda 2 müňden gowrak hojalyk dong-tao towugyny ýetişdirmek bilen meşgullanýar. Wýetnamyň milli guşy hasaplanýan çişik aýakly towuga başgaça «aždarha towuk» hem diýilýär. Daşky görnüşi özbekleriň urşujy horazyna meňzeýän bu towuk 10 ýyla çenli ýaşaýar.
Aýam semani (gara towuk). Gap-gara göwresi bilen tapawutlanýan aýam semani Aziýada duş gelýän iň haýran galdyryjy guş tohumy hasaplanýar. Indoneziýada ösdürilip ýetişdirilýän towugyň bu tohumynyň diňe daş görnüşi däl, eýsem, eti, süňki, hatda ýumurtgasynyň gabygy hem gara reňkde bolýar. Fibromelanistik geniň üýtgemegi netijesinde şar gara ekzotik towuk emele gelipdir. Beýleki towuk görnüşlerinde hem bu gen saklanýar. Indoneziýanyň Sumatra adasynda seçilip alnan gara towuk 1990-njy ýyllarda Ýewropa äkidilýär. Yssy we sowuk howa çydamly, idegi az talap edýän bu towuk edil guş ýaly uçup bilýär. Agramy 2,5-3 kilogram aralygynda bolýan aýam semani ýylda 60-100 töweregi gara ýumurtga berýär. 2014-2015-nji ýyllarda bütin dünýä ýaýran gara towugyň horazy owadan ses bilen gygyrýar.
PDF








