Dedw­leý te­bi­gy go­rag­ha­na­sy Na­mi­bi­ýa­nyň owa­dan ýer­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Ýur­duň gün­ba­tar bö­le­gin­dä­ki Na­mib-Na­uk­luft mil­li se­ýil­gä­hi­niň çä­gin­de ýer­leş­ýän ak to­ýun düz­lü­gi Sos­susf­leý çö­lü­niň gyz­gylt de­pe­le­ri­niň ara­syn­da tä­sin gö­zel­li­gi eme­le ge­tir­ýär. Iň­lis di­lin­dä­ki «de­ad» we af­ri­kan di­lin­dä­ki «vlei» söz­le­rin­den ge­lip çy­kan Dedw­leý «öli jül­ge» diý­me­gi aň­lad­ýar.
Ak düz­lü­giň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy gu­rap ga­lan agaç to­kaý­ly­gy­dyr. Dedw­leý te­bi­gy go­rag­ha­na­syn­da­ky agaç­lar, tak­my­nan, 600-900 ýyl mun­dan ozal gu­rap­dyr. Bu ýer­de güýç­li ýa­gyş­dan soň, Tso­şab der­ýa­sy­nyň joş­ma­gy ne­ti­je­sin­de ýal­pak köl eme­le ge­lip­dir. Wag­tyň geç­me­gi bi­len kö­lüň için­de dü­ýe aka­si­ýa­sy (Wachel­lia erio­lo­ba) gö­ge­rip, jan­ly-jan­dar­lar üçin ekoul­gam dö­re­ýär. Gu­rak­çy­lyk se­bäp­li eme­le ge­len Dedw­leý te­bi­gy go­rag­ha­na­sy Na­mi­bi­ýa­nyň iň köp su­ra­ta dü­şül­ýän ýer­le­ri­niň bi­ri­dir. Dedw­leý te­bi­gy go­rag­ha­na­sy­na ge­ze­len­je bar­ýan sy­ýa­hat­çy­lar ýa­ny bi­len içim­lik su­wu­ny al­ma­ly bol­ýar­lar. Se­bä­bi Sos­susf­leý çö­lün­de süý­ji suw çeş­me­si ýok.