“Liwerpul” bilen şertnamasy tamamlanyp, erkin agent ýagdaýyna düşen müsürli ýyldyz oýunçy Mohamed Salah karýerasyny Türkiýäniň “Trabzonspor” toparynda dowam etdirer. 34 ýaşyndaky futbolçy türk kluby bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Onuň “Trabzonspordan” ýyllyk 17 million ýewro möçberinde hak aljakdygy beýan edilýär. Ol täze klubunda 61-nji belgili köýnekçäni geýer.
Karýerasyna ýurdunyň “Al-Mokawlun” toparynda başlap, “Bazel”, “Çelsi”, “Fiorentina”, “Roma” hem-de “Liwerpul” klublarynyň köýnekçesini geýdi. “Liwerpulda” klubuň hem-de “Premier Liganyň” birnäçe rekordyny täzelän Salah klublarda 694 oýunda 334 gol geçirdi. Onuň milli ýygyndyda 121 duşuşykda 68 goly bar.
PDF








