Wagtly-wagtynda geregiçe iýip-içmek her bir adam üçin örän möhümdir. Eger zerur mukdardan az iýilse, horlanyp, tapdan düşmäge getirýär. Aşa köp iýmek hem saglyk üçin zyýanlydyr. Şonuň üçin ylaýta-da, çagalardyr ýetginjekleriň naharlanyşyny üns bermeli. Sebäbi olaryň ösüp barýan bedeni witaminli iýmitleri kän talap edýär. Dogry, kadaly naharlanmagyň ýaş ýetginjekleriň sagdyn ösüp-ulalmagynda ähmiýeti örän uludyr. Muňa garamazdan, käbir adamlar çendenaşa köp iýip, ýakar-ýakmaz gury-gurak iýip oňýarlar. Bolmanda her gün bir gezek gyzgyn naharyň zerurdygyna üns hem bermeýärler. Özleri-de howul-hara iýip-içýärler. Bu bolsa köplenç azganlylyk, aşgazan-içege, bagyr keselleriniň döremegine getirýär.
Iýermen adamyň ýagdaýy gitdigiçe kynlaşýar. Olaryň aşgazandyr iýmit siňdiriş agzalary basym sandan çykýar, işe ukybyny peseldýär, zehini, akyly kütelişip, soňabaka bedeni gowşaýar. Ýüregagyrydan ejir çekýänlerem az bolmaýar. Wagtly-wagtynda ýokumly iýmitler bilen dogry iýmitlenýän adamlar bu dertden daşda bolýarlar. Kadaly iýmitden ynsan bedeni özüne gerekli beloklary, ýaglary, uglewodlary, mineral maddalary, witaminleri alýar. Hususan-da, gök önümleri ýylyň ähli döwründe iýmek zerur. Çünki gök önümleriň düzüminde adam bedenine zerur bolan dürli witaminler köp.
«Görkem agyzdan, derdem» diýlişi ýaly, köp iýmek zyýanly. Bir oturyşda aşa doýup iýmek aşgazanyň süýnüp, göwrüminiň giňelmegine getirýär, çeýeligini gowşadýar. Şonça iýmiti siňdirmek üçin şol mukdarda suwuklyk gerek. Çalt işlemeli bolýandygy, aşa agram düşýändigi üçin beden agzalarynyň sazlaşygy bozulýar. Netijede, beden zerur beloklary, witaminleri, beýleki maddalary alyp bilmeýär.
Eýsem, dogry iýmitlenmek üçin näme etmeli? Bu sowalyň ýönekeý jogaby bar. Birbada köp iýmeli däl. Gündelik düzgüni kadaly berjaý etmeli. Gündogaryň pähimine eýerip, «Az-azdan, ýöne ýygy-ýygydan iýmeli».
Her gün dört gezek – ertirlik, guşluk, günortanlyk hem-de agşamlyk naharlanmak her bir adam üçin peýdalydyr. Ýatylmazdan öň aşa doýmak saglyk üçin örän zyýanlydyr. Dok garnyňa ukyňy gowy alyp bolmaýandygy bilen bir hatarda, adamy aşa semredip, ýürek, gan-damar kesellerine duçar edýär. Agşamlyk naharyny ýatylmazdan 1,5-2 sagat öň iýmeli. Bu düzgün berjaý edilmese, adam ilki bilen oňat uklap bilmez we aşgazanyň işleýşinde näsazlyk çykar.
Nahary howlukman iýmeli. Naharlanýarkaň ünsüňi başga ýana sowmak hem zyýanly. Nahary haýal iýmegiň peýdalydygyny geçirilen ylmy barlaglar görkezýär. Şu aýdylanlar doly we dogry berjaý edilse, sagdyn ýaşamaga giň mümkinçilikler döreýär.
Arazberdi REJEPOW,
Köneürgenç etrap saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
PDF








