To­mus we güýz pa­syl­la­ryn­da ýe­tiş­ýän iň dat­ly mi­we­le­riň bi­ri hem üzüm bo­lup, wi­ta­min­le­riň hem-de mi­ne­ral­la­ryň baý çeş­me­si ha­sap­lan­ýar. Üzü­miň ata Wa­ta­ny­ Ýa­kyn Gün­do­gar ýurt­la­ry ha­sap­lan­ýar. Çyr­ma­şyp ös­ýän, süý­ji mi­we­li agaç ir­ki dö­wür­ler­de ha­syl­ly­ly­gyň we bo­le­lin­li­giň ny­şa­ny ha­sap­la­nyp­dyr. Üzü­miň ýa­şyl, gyr­my­zy, gy­zyl, gül­gün, ga­ra, ak reňk­li 10 müň­den gow­rak gör­nü­şi ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Üzü­miň şa­ha­sy bir ýy­lyň do­wa­myn­da or­ta­ça 6 met­re çen­li ösüp bil­ýär. Üzüm se­na­gat önüm­çi­li­gin­de hem iň köp sarp edil­ýän mi­we­le­riň bi­ri­dir. Üzüm dür­li ýaş­da­ky adam­lar üçin iň go­wy gö­rül­ýän mi­we­le­riň bi­ri bo­lup, be­de­ni bir­nä­çe ýo­kum­ly mad­da­lar bi­len üp­jün ed­ýär.
Im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­ýär. Üzüm iý­mit sa­na­wy­na hök­ma­ny go­şul­ma­ly mi­we­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Dü­zü­min­de C wi­ta­mi­ni­ni we mik­roe­le­ment­le­ri sak­la­ýan bu mi­we ke­sel how­pu­na gar­şy gö­re­şip, be­de­niň go­rag ul­ga­my­ny güýç­len­dir­ýär. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da üzü­miň beý­ni, aş­ga­zan-içe­ge bi­len bag­ly ke­sel­ler­den, şol san­da düw­nük ke­se­lin­den go­ra­ýan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Üzü­mi çi­gi­di bi­len bi­le­lik­de iý­mek düw­nük öý­jük­le­ri­niň işi­ni bo­zup, zä­her­li tä­sir­le­ri azalt­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Göz üçin peý­da­ly. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da üzü­miň gö­züň gö­rüş öý­jük­le­ri­ni Gü­nüň zy­ýan­ly tä­si­rin­den go­ra­ýan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Üzü­miň dü­zü­min­de lu­te­in we ze­ak­san­tin ýa­ly göz üçin peý­da­ly an­ti­ok­si­dant­lar bar.
Ýü­re­gi go­ra­ýar. Üzüm ýü­rek üçin peý­da­ly mi­we­le­riň bi­ri­dir. Bu mi­wä­niň dü­zü­min­dä­ki K wi­ta­mi­ni öý­jük­le­riň sag­dyn gan ön­dü­ri­ji­li­gi­ni üp­jün edip, ýü­rek bi­len bag­ly ha­dy­sa­la­ryň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Esa­san hem, gy­zyl üzü­miň dü­zü­min­dä­ki ka­liý gan ba­sy­şy­ny pe­sel­dip, ýü­re­giň ka­da­ly iş­le­me­gi­ni üp­jün ed­ýär. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da, gy­zyl üzü­miň ho­les­te­ri­niň de­re­je­si­ni pe­seld­ýän­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy.
Süňk­ler üçin peý­da­ly. Süýt önüm­le­rin­den baş­ga-da, üzü­miň süňk­le­riň ösü­şi we sag­dyn­ly­gy üçin peý­da­ly­dy­gy bel­le­nil­ýär. Üzü­miň dü­zü­min­dä­ki kal­siý we beý­le­ki mi­ne­ral­lar – mis, ka­liý, mag­niý diş­le­riň hem-de süňk­le­riň ka­da­ly işi­ni üp­jün ed­ýär.
Uky­ny go­wu­lan­dyr­ýar. Uku­dan ejir çek­ýän bol­sa­ňyz, üzüm iý­mek ar­ka­ly me­la­to­ni­niň (uky gor­mo­ny) te­bi­gy çeş­me­si­ni alyp bi­ler­si­ňiz. Üzüm ala­da­la­ry ýat­dan çy­kar­ma­ga hem-de uky bo­zul­ma­la­ry­ny ara­dan aýyr­ma­ga kö­mek ed­ýär.
Beý­ni­niň iş­jeň­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­ýar. Üzüm­de sak­lan­ýan peý­da­ly bir­leş­me­ler, suw we B6 wi­ta­mi­ni nerw ul­ga­myn­da dö­räp bil­jek ke­sel­le­riň öňü­ni alyp, beý­ni­niň iş­jeň­li­gini saz­la­ýar. Üzüm beý­ni­dä­ki tok­sin­le­ri we ga­lyn­dy­la­ry aýyr­ma­ga hem-de beý­ni­ni iý­mit­len­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Şeý­le hem ýa­dy güýç­len­di­rip, şäh­da­çyk bol­ma­gy üp­jün ed­ýär.
Gar­ra­ma­gy gi­jik­dir­ýär. Üzüm be­de­ni­miz­dä­ki zy­ýan­ly mad­da­la­ra gar­şy gö­re­şip, de­ri­niň gar­ra­ma­gy­ny gi­jik­dir­ýär. Şeý­le hem öý­jük­le­ri tä­ze­le­mek bi­len bir ha­tar­da, de­ri­niň ýaş we sag­dyn bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.