Germaniýanyň «Center of Automotive Management» (CAM) atly ylmy-barlag instituty dünýäde iň köp satylýan awtoulag brendleri barada maglumat taýýarlady. Şu ýylyň birinji ýarymynda sanawa jemi
20 kompaniýa girizilipdir. Bu kompaniýalaryň satuwy degişli döwürde 2,8% peselip, jemi 37,3 million täze awtoulag ýerlenipdir. Sanawda birinji orny Ýaponiýanyň «Toyota» kompaniýasy eýeleýär. Bu kompaniýa köp ýyldan bäri iň köp awtoulag öndürýän brend bolmagynda galýar. Alty aýyň dowamynda ýapon brendi 5,3 million ulag satypdyr. Ikinji orny «Volkswagen» eýeläp, nemes brendi 3,97 million ulagy täze eýesine ýetiripdir. Bu brend hem birnäçe ýyldan bäri iň köp ulag öndürýän ikinji kompaniýa bolmagynda galýar. Koreýa Respublikasynyň «Hyundai-Kia» kompaniýasynyň satuwy 3,6 milliona deň bolupdyr. Ýewropada birnäçe brendi özünde jemleýän «Stellantis» kompaniýasynyň satuwy 2,95 milliona ýetipdir. Amerikan brendleri bolan «General Motors» degişli döwürde 2,14 million, «Ford» 1,76 million ulag satypdyr. «Honda» 1,76 million, «Nissan» (1,51 million), «Suzuki» (1,49 million) we «Renault» (1,28 million) kompaniýalary awtoulag önümçiliginde ilkinji onluga giripdirler.
Germaniýanyň BMW kompaniýasy 1,07 million, «Mercedes Benz»
900 müň ulag satypdyr. Elektroulag önümçiligi bilen meşgullanýan
«Tesla» 890 müň ulag satypdyr.
Guwanç Berdigulyýew,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF








