Ýokary derejeli telefon bazarynda «Apple» kompanýasynyň öňdeligi eýeleýändigi bellenildi. Umumy telefon satuwynda belli döwürlerde «Samsung»-dan yzda galýan hem bolsa, girdeji we ýokary derejeli telefon satuwynda amerikan kompaniýasy öňdeligi eýeleýär.
«Counterpoint Research» kompaniýasynyň maglumatyna görä, şu ýylyň 1-nji ýarymynda ýokary derejeli telefonlaryň satuwy 5 göterim ýokarlanyp, umumy telefon satuwynyň 29 göterimini emele getiripdir. Bu telefonlara bahasy 600 amerikan dollary we ondan gymmat smartfonlar girizilipdir. Şeýle telefonlaryň 65 göterimi «Apple»
kompaniýasyna degişli bolupdyr. Esasan, adaty «iPhone 17» smartfonlaryna islegiň ýokarlanýandygy mälim edildi. Agzalan döwürde «Samsung»-yň paýy 3 göterim ýokarlanyp, 19 göterime golaý bolupdyr. «BBK Electronics» atly hytaý kompaniýasyna degişli bolan «Oppo» hem-de «OnePlus» telefonlarynyň hem gymmat bahaly görnüşleriniň satuwynyň barha artýandygy mälim edildi.
«Huawei», «Xiaomi» we «vivo» brendleri hem ýokary derejeli telefon öndürýän kompaniýalar hasaplanýar.
PDF








