Adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagy bilen uçara münýänleriň sany artdy. Dünýäde her gün millionlarça adam bir ýerden başga ýere gitmek üçin howa gämisine münýär.
Ýakynda dünýäde has köp uçara eýeçilik edýän kompaniýalaryň sanawy taýýarlandy. Öňdäki orunlary «United Airlines», «American Airlines» we «Delta Airlines» ýaly amerikan kompaniýalary eýeleýär. Bu awiakompaniýalaryň degişlilikde, 1058, 1013 hem-de 989 uçary bar. «Southwest Airlines» atly amerikan kompaniýasynyň
810 uçary bar. Hytaýyň «China Southern Airlines» (708 uçar) hem-de «China Eastern Airlines»
(679 uçar) kompaniýalary 5-nji we 6-njy orunlary eýeläpdir. «SkyWest Airlines» (600 uçar), «Air China» (531 uçar), «Turkish Airlines» (531 uçar) we «Ryanair» (350 uçar) ilkinji onluga giripdir.
PDF








