25-nji iýul – 16-njy awgust aralygynda Germaniýanyň Klaustal Tehniki uniwersitetinde emeli aňyň senagatda ulanylmagy, metan zyňyndylaryny azaltmak we täzelenýän energiýa çeşmelerini energiýa ulgamlaryna integrirlemek boýunça halkara ylmy-barlag tejribeliginiň okuwlary geçirilýär. Tejribelik Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) tarapyndan Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde durmuşa geçirilýän «Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024–2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» atly taslamanyň çäklerinde guralýar.
Maslahata ýurdumyzdan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinden, Türkmenistanyň Energetika ministrliginden, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyndan we «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutyndan wekiller gatnaşýar. Gatnaşyjylar emeli aňyň binýatlyk ýörelgelerini, maglumatlary işlemek we kadalaşdyrmak usullaryny, çykaryşlary hem-de önümçilik proseslerindäki näsazlyklary kesgitlemegi, şeýle hem neýron torlarynyň mümkinçiliklerini öwrenýärler. Amaly sapaklarda bu tehnologiýalaryň senagat önümçiligine ornaşdyrylmagynyň usullaryna aýratyn üns berilýär.
Klaustal Tehniki uniwersitetiniň barlaghanalarynda türkmen hünärmenleri guýularyň bitewüligini gözegçilikde saklamak, çuňňur we gyýa ugrukdyrylan guýulary burawlamak ýaly ugurlar boýunça ylmy-barlag işlerine gatnaşýarlar. Şeýle hem emeli aň algoritmleriniň kömegi bilen fotoelektrik desgalarynyň işleýşini modelirlemek we onuň netijelerini çaklamak boýunça işler geçirilýär.
Tejribeligiň ýene bir möhüm ugry metan zyňyndylaryny ýüze çykarmak we azaltmak tehnologiýalary bilen baglydyr. Bu ugurda öwrenilýän çemeleşmeler nebit-gaz pudagynda önümçilik amallarynyň ekologiýa taýdan has netijeli guralmagyna hem-de energiýa serişdeleriniň ýitgisiniň azaldylmagyna gönükdirilendir.
Maksatnamanyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Germaniýadaky iri önümçilik desgalaryna baryp görmegi hem meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda kükürtli gazy gaýtadan işleýän senagat zawody, şeýle hem Gün we ýel energiýasy ýaly täzelenýän çeşmelerden peýdalanýan elektrik stansiýalary bar. Bu saparlaryň dowamynda gatnaşyjylar önümçilikde häzirki zaman tehnologiýalarynyň we täzelenýän energiýa ulgamlarynyň ulanylyşyny ýerinde öwrenmäge mümkinçilik alarlar.
Çeşme: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
PDF








