14-nji awgustda paýtagtymyzda hindi filmleriniň festiwaly badalga aldy. Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, şeýle-de dostlukly ýurduň Daşary işler ministrliginiň hem-de Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrliginiň guramagynda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýakyndan goldaw bermeginde guralan bu medeni çäre 14 — 16-njy awgust aralygynda geçirilýär.

Festiwalyň çäginde «Aşgabat» kinoteatrynyň eýwanynda hindi kinosynyň baý taryhyna bagyşlanan ýörite sergi hem guraldy. Bu sergi 1913-nji ýylda döredilen ilkinji sessiz filmden başlap, kino sungatynyň «altyn asyry» hem-de häzirki zaman tehnologiýalary bilen baýlaşdyrylan ajaýyp eserleriň kemala gelşi barada gysgadan täsirli maglumatlary özünde jemleýär.

Üç günüň dowamynda hindi kinosynyň ussatlarynyň dünýäde uly meşhurlyk gazanan, baý many-mazmunly üç sany kino eseri tomaşaçylara hödürlener. Festiwal 2016-njy ýylda ekrana çykan, erkiň hem-de zähmetiň dabaralanmasy bolan «Dangal» atly ajaýyp kinofilm bilen açyldy. Režissýor Niteş Tiwariniň düşüren, baş keşbi meşhur Amir Hanyň janlandyran bu filmi durmuşdan alnan wakalara esaslanýar. Eser öz gyzlaryny tutanýerli zähmetiň we maşgala agzybirliginiň üsti bilen dünýä çempionlary edip ýetişdiren pälwan atanyň ömür ýoluny, zenanlaryň jemgyýetdäki ornunyň wajyplygyny hem-de watançylyk ruhuny çuňňur çeperçilik bilen açyp görkezýär.

Şu gün 17:00-da hindi kinosynyň altyn hazynasyna giren, iň uzak wagtlap kinoteatrlarda görkezilen film hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen, nusgawy söýgi hekaýaty bolan «Ogurlanmadyk gelinlik» («Dilwale Dulhania Le Jayenge», 1995ý.) atly çeper film görkeziler. Ussat režissýor Aditýa Çopranyň bu eserinde baş keşpleri Şahruh Han bilen Kajol ýerine ýetirýär. Bu film hakyky päk söýginiň, ýaşuly nesle bolan hormatyň we hindi milli medeniýetiniň asylly däpleriniň ajaýyp utgaşmasy hökmünde tomaşaçylaryň kalbynda ýatdan çykmajak täsirleri döreder.

Medeni çäre 16-njy awgustda 11:00-da görkeziljek «Öňe, Hindistan!» («Chak De! India», 2007ý.) atly kino bilen jemlener. Şimit Aminiň režissýorlyk etmeginde surata düşürilen, baş keşbi Şahruh Hanyň ýerine ýetiren bu filmi watançylyk, agzybirlik hem-de sportuň üsti bilen kynçylyklary ýeňip geçmegiň ýoly hakynda gürrüň berýär. Filmde ýurduň dürli sebitlerinden gelen zenanlardan sport toparyny döredip, olarda bitewülik ruhuny oýarýan tälimçiniň ykbaly barada gürrüň berilýär.