Gara deňziň kenarynda ýerleşýän Bolgariýanyň Burgas şäheri geljek ýylyň maý aýynda Halkara “Eurovision” aýdym-saz bäsleşigini ilkinji gezek ýokary derejede garşy alar. Ýewropanyň teleýaýlymlar birleşiginiň (EBU) resmi maglumatyna görä, ýurduň dördünji uly şäheri bolan Burgasda ýerleşýän döwrebap “Arena Burgas” sport-konsert toplumynda geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni çäräniň ýarym finallary 2027-nji ýylyň maý aýynyň 11-ine we 13-ine, final tapgyry bolsa 15-ine bellenildi.
Bolgar halkynyň myhmansöýerligi, baý milli medeniýeti we ösen infrastrukturasy bilen tapawutlanýan bu şäher dünýäniň dürli künjeklerinden geljek müňlerçe muşdaklary hem-de millionlarça tomaşaçylary ýokary derejede kabul etmäge doly taýýarlyk görýär. Şunuň bilen birlikde, paýtagt Sofiýa, şeýle-de Warna we Plowdiw şäherleri hem bu abraýly bäsleşigi geçirmek üçin öz tekliplerini hödürlän hem bolsalar, myhmanhanalaryň kuwwatlylygy, meýdançanyň mümkinçilikleri we şäheri döwrebaplaşdyrmak boýunça öňe sürlen umumy konsepsiýa esasynda Burgas şäheri ýeňiji diýlip yglan edildi. Bu halkara bäsleşik Bolgariýada ilkinji gezek guralyp, ol döwletara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge we sungat arkaly dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly goşant goşar.
Soňky ýyllarda käbir ýurtlar Ysraýylyň gatnaşdyrylmagyny hem-de baha beriş ulgamynda adalatsyzlygyň bardygyny aýdyp, bäsleşige gatnaşmakdan ýüz öwrüpdiler.
PDF








