“Uber” kompaniýasy Hytaýyň «Pony.ai» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyny giňeldip, Ýewropada 2 müňden gowrak awtonom taksileri işe girizjekdigini mälim etdi. Bu ädim awtonom sürüjilik hyzmatlaryny giň möçberde kommersiýalaşdyrmak ugrundaky umumy tagallalaryň çäginde amala aşyrylýar. Taraplaryň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda, ilkinji tapgyrda bu hyzmat Horwatiýanyň paýtagty Zagreb şäherinde ýola goýlar we geljekde ýene-de dört sany Ýewropa şäherine ornaşdyrylar, şeýle hem Gündogar Ortaýer deňzi sebitiniň bazarlary öwreniler. Täze hyzmatdaşlyk ulag hyzmatlary platformasyny, awtopark dolandyryş mümkinçiliklerini we 4-nji derejeli öňdebaryjy awtonom sürüjilik tehnologiýalaryny birleşdirýär. Häzirki wagtda dünýäde bu ugurda ýüze çykýan sürüji ýetmezçiligini aradan aýyrmak, şäherleriň ulag netijeliligini ýokarlandyrmak we howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen awtonom ulag bazary işjeň ösdürilýär. Hytaý döwlet goldawy arkaly bu ulgamda öňdebaryjy orny eýeleýän bolsa, Ýewropada tehnologik we howpsuzlyk meseleleri sebäpli bu ugur heniz haýallyk bilen ösýär. Bu başlangyç Ýewropada awtonom hereketlilik bazarynyň ýeke-täk synag tapgyrlaryndan durnukly hem-de giň gerimli kommersiýalaşdyryş tapgyryna geçýändigini aňladýar.