Soňky ýigrimi ýylyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasy gaýtadan işleýiş senagatyndaky önümçilik paýyny 2005-nji ýyldaky 9 göterimden 2025-nji ýylda 27 göterime çenli artdyryp, dünýäniň iň uly önümçilik ykdysadyýetine öwrüldi we ABŞ hem-de Ýewropa Bileleşiginden 10 göterim öňe geçdi. «Visual Capitalist» seljeriş portalynyň maglumatlaryna we ABŞ-nyň Ykdysady seljeriş býurosynyň hem-de Bütindünýä bankynyň hasaplamalaryna esaslanýan bu görkezijiler ýurduň global bazardaky ornunyň düýpli berkändigini aýdyň görkezýär.

2005-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi 24 göterim paý bilen dünýäde öňdebaryjylygy eýelän bolsa, şol döwürde ABŞ ÝB-den çala yza galyp, Ýaponiýanyň paýy 13 göterime barabar bolupdyr. Şeýle hem ol wagtlar Hytaý 9%, Koreýa Respublikasy 3%, Hindistan, Meksika we Russiýa bolsa, takmynan, 2% önümçilik güýjüne eýe bolupdyr. Hytaýyň ykdysadyýetiniň liberallaşdyrylmagy, 2001-nji ýylda Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagy, arzan işçi güýji, sebitara salgyt ýeňillikleri we daşary ýurt maýa goýumlarynyň akymy transmilli korporasiýalary çekmäge hem-de önümçiligi çalt giňeltmäge mümkinçilik berdi. Netijede, eýýäm 2015-nji ýyla çenli Hytaý dünýäniň goşulan bahasyndaky paýy boýunça öňdebaryjylygy eýeledi. Şol bir wagtyň özünde ABŞ-nyň, ÝB-niň we Ýaponiýanyň umumy paýy 2005-nji ýyldaky 59 göterimden 2025-nji ýylda 39 göterime çenli peseldi, emma bu ýagdaý olaryň önümçiliginiň hakyky göwrümleriniň kemelendigini aňlatmaýar. Göz öňünde tutulýan döwürde Hindistanyň paýy 3 göterime ýeten bolsa, Meksika, Russiýa we Koreýa Respublikasy öz görkezijilerini durnukly saklap galmagyny başardylar.