Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesi Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň goldawy bilen “Türkmenistanyň kreatiw ykdysadyýetiniň we innowasion ulgamynyň kartasyny çykarmak” atly taslamany durmuşa geçirýär.

Taslamanyň çäklerinde 10-14-nji awgust aralygynda halkara derejeli bilermen Dana Şaýahmet Aşgabada sapar etdi. Ol resmi duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligini, Medeniýet ministrligini, Bilim ministrligini we TSTB-ni (Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi) gözleg işleriniň netijeleri bilen tanyşdyrdy.

Taraplar ýurduň kreatiw ugurlaryny ösdürmegiň geljegini, şeýle hem Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesiniň Kreatiw ykdysadyýeti ösdürmek we innowasiýa bölümi bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.