“Litfond” auksion öýüniň ýakyn wagtda geçjek söwdalarynda Nikolay Gogolyň “Dikankä golaý hutorda agşamlar” atly awtoryň özi dirikä çap edilen seýrek neşiri 3,5 million rubl başlangyç baha bilen iň gymmat lot hökmünde hödürlener. Bu seýrek neşir ozal belli edebiýatçy Aleksandr Borozdiniň ýygyndysynda bolup, XX asyryň 20-nji ýyllarynda meşhur kolleksiýaçy Pawel Gubaryň Petrograd şäherindäki “Antikwariat” dükanynda hem satlyga çykarylypdyr.

Şeýle hem auksionda ýene-de birnäçe gymmatly we seýrek taryhy eserler bäsleşikli söwdalara goýlar. Olaryň arasyna soňky rus imperator aýaly Aleksandr Fýodorownanyň doglan gününe bagyşlanyp çykarylan “Ak gülüň jadysy” neşiri hem girýär. 1829-njy ýylyň 13-nji iýulynda Potsdamda geçirilen baýramçylygy wasp edýän bu bezegli kitabyň başlangyç bahasy 750 müň rubl diýip kesgitlenipdir.

Şeýlikde, taryhy eserleriň hatarynda Nikola-Gabriel Leklergiň gadymy we häzirki zaman Russiýasynyň 1783–1794-nji ýyllardaky taryhyny beýan edýän ýazgylary hem-de taryhy atlasy 600 müň rubl başlangyç baha bilen auksiona çykarylar.

Auksionyň ýene-de bir üns çekiji seýrek harydy Gessel Gerritsiň 1660-njy ýyllarda Amsterdamda çap eden “Kremlenagrad” atly mis grawýurasy boldy. Onda Moskwa şäheriniň jikme-jik meýilnamasy, şeýle hem ýangyn wagtynda weýran bolan Patyşa jaňy ýaly otuzdan gowrak taryhy desga görkezilip, onuň söwdasy 280 müň rubldan başlanar.