19-22-nji awgust aralygynda geçiriljek “Kids Expo: hemme zat çagalar üçin” atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy geçiriler. Sergä “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy hem gatnaşýar. Serginiň çäginde guramanyň ýörite stendi çagalar we olaryň ene-atalary üçin iň gyzykly, özüne çekiji hem-de ekologiýa sowatlylygy artdyrjak esasy nokatlaryň birine öwrüler. “Ýaş tebigatçy”-nyň stendinde çagalara “Eco Jenga”, “Save the planet springer”, “Eco-themed T-shirt activity”, “Eco sorting”, “Tangram” hem-de “Bu nämäniň ýapragy?” ýaly gyzykly ekooýunlary hödürlär. Şeýle hem galyndylary dogry dolandyrmak boýunça ýörite ussatlyk sapaklary geçiriler. Mundan başga-da, çagalar tejribeli hünärmenleriň gatnaşmagynda dürli ösümlikleri ekip, özlerini hakyky tebigatçy hökmünde duýup bilerler.
Wagtyňyzy peýdaly, gyzykly we ekologiýa taýdan bilimli geçiriň! “Ýaş tebigatçy” sergide size sabyrsyzlyk bilen garaşýar!
PDF








