AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynda täze möwsümiň toparçalarynyň bijeleri çekildi. Ýurdumyzyň adyndan wekilçilik edýän “Arkadag” topary “B” toparça düşdi.

“Arkadag” topary deslapky tapgyrda Hindistanyň “Goa” toparyny 3-0 hasabynda ýeňip, bassyr 2-nji liga gezek ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanypdy.

Türkmenistanyň çempiony “B” toparçada BAE-niň “Al-Jazira”, Eýranyň “Gol Gohar” hem-de Bahreýniň “Al-Muharrak” toparlary bilen duşuşar. Toparlaryň hersi özara öz meýdançasynda hem-de myhmançylykda duşuşyp, jemi 6 oýnuň netijesinde iň köp utugy toplan 2 topar ýaryşy dowam eder.

Toparçalardaky duşuşyklar 15-nji sentýabrda başlap, 9-njy dekabrda tamamlanar.

Günbatar sebiti

“A”: “Al-Wahda” (BAE), “Nasaf” (Özbegistan), “Al-Kuwait” (Kuweýt), “Al-Haldiýa” (Bahreýn)

“B”: “Al-Jazira” (BAE), “Gol Gohar” (Eýran), “Al-Muharrak” (Bahreýn), “Arkadag” (Türkmenistan)

“C”: “Al-Tawun” (Saud Arabystany), “Al-Raýýan” (Katar), “Al-Faýsaly” (Iordaniýa), “Al-Nahda” (Oman)

“D”: “Al-Hussein” (Iordaniýa), “Al-Şorta” (Yrak), “Al-Sib” (Oman), “Ist Bengal” (Hindistan)

Gündogar sebiti

“E”: “FK Seul” (Günorta Koreýa), “Melburn Wiktori” (Awstraliýa), “Te Kong-Wettel” (Wýetnam), “Persib” (Indoneziýa)/“Manila Digger” (Filippinler)

“F”: “Adelaid Ýunaýted” (Awstraliýa), “BG Pathum Ýunaýted” (Tailand), “Lion Siti Seýlors” (Singapur), “Tai Po” (Gonkong)

“G”: “Maçida Zelwia” (Ýaponiýa), “Şanhaý Şenhua” (Hytaý), “PKR Swaý Rieng” (Kamboja), “Tampines Rowers” (Singapur)

“H”: “Ganwun FK” (Günorta Koreýa), “Kuçing Siti” (Malaýziýa), “Kitçi” (Gonkong), “Pnompen Krawn” (Kamboja)