Portugaliýanyň Addiktiw hereketler we garaşlylyklar institutynyň (ICAD) geçiren barlagyna görä, 18 ýaşly ýaşlar internetde, esasan hem, sosial ulgamlarda öňki ýyllardakydan hem köp wagt geçirýärler. Pikir soralyşyga gatnaşanlaryň 60 göterimi günde dört sagatdan gowrak wagtyny internete sarp edýändigini aýtdylar. Gyzlar köplenç sosial ulgamlarda we maglumat gözlemekde wagt geçirýän bolsalar, oglanlar internet oýunlaryna we pul stawkalaryna baş goşýarlar. Umuman alanynda, ýaşlaryň 35 göterimi internet zerarly okuwda ýa-da işde ýetişmezlik, ukusyzlyk, emosional kynçylyklar we ýalňyzlyk ýaly ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny mälim etdiler.
Internetden we smartfonlardan aşa köp peýdalanmak ýaşlaryň saglygyna, ukyň hiline we fiziki işjeňligine ýaramaz täsir ýetirýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy hem sanly ulgamyň agdyklyk etmeginiň ýaşlaryň arasynda ýalňyzlyk ýagdaýyny güýçlendirýändigini belleýär.
Şu sebäpli häzirki wagtda Bütin Ýewropada çagalaryň we ýetginjekleriň sosial ulgamlara girişini çäklendirmek üçin möhüm ädimler ara alnyp maslahatlaşylýar. Angliýa ýetginjeklere sosial ulgamlardan peýdalanmagy gadagan etmegi meýilleşdirýän bolsa, Fransiýa, Ispaniýa, Awstriýa, Gresiýa we Daniýa ýaly ýurtlar hem kiberbullingden we sanly garaşlylykdan goranmak üçin degişli çäreleri görýärler.
PDF








