Ýazyjy Joan Rouling 1997-nji ýylda çagalar üçin “Garri Potter” romanynyň ilkinji jildini çap etdirende, onuň nähili üstünlik gazanjakdygyny çaklap boljak däldi. Häzirki wagtda roman 80-den gowrak dile terjime edildi hem-de tutuş dünýäde 600 million nusgalykda satyldy. Bir jadygöý oglanjygyň başdan geçiren wakalarynyň beýany ählumumy hadysa öwrüldi diýip, “bluewin.ch” portaly habar berýär.
2001-nji ýylda ýazyjy zenanyň eserleri ekranlaşdyryldy, netijede, jemi sekiz film kinoteatrlarda 7,7 milliard dollar toplady we baş gahrymanlar – Garrini, Germionany hem-de Rony dünýä tanatdy. Olaryň dünýäde muşdaklarynyň giden bir nesli kemala geldi.
Aktýor Deniel Redkliff ýaňy on bir ýaşyndaka Garri Potter hökmünde dünýäde meşhurlyk gazandy. Käbir maglumatlara görä, Redkliff bu keşbi bilen 100 million funt sterlinge golaý miras toplady. Onuň soňky gezek meşhur jadygöý oglanjygyň keşbinde kinoda peýda bolanyna bu gün 14 ýyl geçdi.
PDF








