(He­ka­ýa)

Ar­tur Ko­nan Doýl, iň­lis ýa­zy­jy­sy.

1897-nji ýy­lyň aw­gust aýy. Ro­bert Mont­go­me­ri de­mi­ňi tu­tup gel­ýän kö­mür tüs­se­si­ne bü­re­nip, hüýt­ ga­ra ça­ňa göm­lüp otu­ran se­na­gat şä­her­çe­si Kroks­li­de luk­ma­nyň kö­mek­çi­si bo­lup iş­le­ýär­di. Ol zäh­met­keş­li­gi, bi­lim­li­li­gi, sy­pa­ýy­ly­gy hem-de asyl­ly­ly­gy bi­len tö­we­re­gin­dä­ki adam­la­ryň, hat­da iň gyz­ma we gy­ňyr iş­çi­le­riň hem sy­lag-hor­ma­ty­na eýe bo­lup­dy. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, yk­bal ony örän ýo­wuz we çy­kal­ga­syz ýa­ly bo­lup gö­rün­ýän uly ma­li­ýe sy­na­gy­na du­çar edip­di.
Uni­wer­si­tet­de sa­pak­la­ryň baş­lan­ma­gy­na az wagt ga­lyp­dy. Soň­ky ýy­ly ta­mam­lap, dip­lom­ly luk­man bol­mak üçin Ro­ber­te gys­sag­ly 60 funt ster­ling ge­rek­di. Şol döw­rüň öl­çeg­le­ri­ne gö­rä, bu pul ýaş luk­man üçin ýyl­­bo­ýy zäh­met çek­se-de top­lap bol­ma­jak um­ma­syz baý­lyk­dy. Eger şol tö­le­gi bel­le­nen möh­le­te çen­li uni­wer­si­te­te ge­çir­me­se, Ro­bert oku­wy­ny do­wam et­di­rip bil­me­ýär­di, bu bol­sa onuň çe­ken äh­li ir­gin­siz zäh­me­ti­ni hem-de köň­lün­de bes­län be­lent ar­zuw­la­ry­ny pü­çe­ge çy­kar­jak­dy. Ne­ti­je­de, onuň gel­jek­ki luk­man­çy­lyk kä­ri baş­lan­man­ka soň­la­nyp, ömür­lik ga­ryp­ly­gyň hem-de kö­mür tüs­se­si­niň için­de ga­ly­ber­me­li­di.
Ro­bert ýer­li luk­man, dok­tor Ol­dak­ryň ýa­nyn­da gi­je-gün­diz agyr zäh­met çek­ýär­di. Dok­tor Ol­dakr bol­sa di­ňe öz bäh­bi­di­ni bil­ýän, doň­ýü­rek hem-de örän hu­syt adam­dy. Bu adam Ro­ber­tiň agyr dur­mu­şy­ny gör­se-de, ony di­ňe ar­zan iş­çi güý­ji hök­mün­de ulan­ýar­dy. Ro­ber­tiň dip­lom alyp, öz ýa­nyn­dan gi­däý­me­gin­den ho­wa­tyr­lan­ýan­dy­gy üçin oňa ga­ra şa­ýy hem ar­tyk hak tö­le­me­ýär­di. Ro­bert has­sa­la­ry ka­bul ed­ýär­di, der­man taý­ýar­la­ýar­dy hem-de gi­je­le­ri­ne so­wuk kö­çe­le­rden ötüp, agyr ke­sel­li adam­la­ryň öý­le­ri­ne aý­lan­ýar­dy. Em­ma bu iş oňa di­ňe az-kem gün­de­lik iý­mit, ýa­şa­mak üçin ýö­ne­keý­je şert dö­red­ýär­di. Ýö­ne okuw tö­le­gi üçin ze­rur bo­lan 60 funt ster­lin­giň bol­sa, yzyn­dan ýe­ter ýa­ly däl­di. Çyk­gyn­syz ýag­da­ýa dü­şen Ro­bert soň­ky umy­dy hök­mün­de dok­tor Ol­dakr­dan kar­zy­na pul so­ra­dy, ýö­ne gy­syk dok­tor onuň bu ha­ýy­şy­ny so­wuk­gan­ly­lyk bi­len ret et­di. Ro­ber­tiň ene-ata­sy hem oňa ma­li­ýe taý­dan gol­daw be­rip bil­jek däl­di, se­bä­bi ola­ryň öz­le­ri hem zor­dan gü­ze­ra­ny­ny aý­la­ýar­dy.
Re­him­siz­lik bi­len ge­çip bar­ýan her bir gün, hat­da her bir sa­gat ýaş ýi­gi­di ar­zy­ly ar­zuw­la­ryn­dan bar­ha uzak­laş­dyr­ýan ýa­ly­dy. Ol dö­wür agyr se­na­ga­tyň gül­läp ösen, em­ma adam­la­ryň dur­muş şert­le­ri­niň diý­seň kyn za­ma­ny­dy. Şä­her­çe­de zäh­met­de tap­la­nan, çy­dam­ly, gyz­ma hä­si­ýet­li şah­ta­çy­lar hem-de ço­ýun guý­ýan iş­çi­ler ýa­şa­ýar­dy. Bu ga­raň­ky kün­jek­de adam­la­ryň agyr zäh­met­den soň­ky iň uly güý­men­je­si bol­sa, boks tut­lu­şyk­la­ry­dy. Şol gün­ler­de tu­tuş şä­her­çe­de – mag­dan kän­le­rin­den baş­lap, kö­çe­le­re çen­li hem­me ýer­de di­ňe bir at agyz­dan-ag­za geç­ýär­di: kroks­li­li us­sat Saý­las Kregs. Kyrk ýaş­la­ryn­da­ky bu adam pro­fes­sio­nal ring­de uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da on­lar­ça gar­şy­da­şy­ny kül-uşak eden, ýo­wuz, örän tej­ri­be­li, ars­lan ýü­rek­li ýan­ber­mez boks­çu­dy. Ol özü­niň re­him­siz, agyr ur­gu­la­ry, de­mir ýa­ly çy­dam­ly­ly­gy we çe­ýe sö­weş til­si­mi bi­len şu tö­we­rek­de ýa­ka­sy­ny ta­na­dyp­dy. Ýa­kyn gün­ler­de onuň ýaş, ça­la­syn we ber­daş­ly boks­çy Ted Bar­ton bi­len uly tut­lu­şy­gy me­ýil­leş­di­ril­ýär­di. Bu dar­kaş tu­tuş şä­her­çe üçin ýy­lyň iň uly, iň tol­gun­dy­ry­jy wa­ka­sy bol­ma­ly­dy. Ýa­ry­şyň baý­ra­gy 100 funt ster­ling diý­lip bel­le­nil­di. Bu pul Ro­ber­tiň ar­zuw eden, mä­täç­lik çek­ýän pu­lun­dan hem ep-es­li köp­di. Edil şol gün­ler ga­ra­şyl­ma­dyk bir şow­suz­lyk bo­lup geç­ýär: Saý­las Kreg­siň gar­şy­sy­na rin­ge çyk­ma­ly bo­lan boks­çy Ted Bar­ton tür­gen­le­şik­de şi­kes alyp, sö­weş­den çe­kil­me­li bol­ýar. Bä­sle­şi­ge şä­her­çä­niň tu­tuş ila­ty, aý­ra­tyn hem şah­ta­çy­lar bi­len de­mir gu­ýu­jy­lar örän uly hö­wes we sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýar­dy. Eý­ýäm bir­gi­den pe­tek sa­ty­lyp, tut­lu­şy­gyň gu­ra­ma­çy­la­ry uly şow­hun bi­len taý­ýar­lyk gör­ýär­di­ler. Äh­li zat bel­le­nen ter­tip­de, ýer­li ýa­şaý­jy­la­ryň uly gy­zyk­lan­ma­sy we jan­kö­ýer­li­gi as­tyn­da do­wam ed­ýär­di.
In­di Bar­to­nyň or­nu­ny tu­tup, kroks­li­li us­sa­dyň gar­şy­sy­na çyk­ma­ga het edip bil­jek ba­tyr­gaý ki­şi gys­sag­ly ta­pyl­ma­ly­dy.Şol pur­sat 23 ýaş­ly Ro­bert Mont­go­me­rä kroks­li­li us­sa­dyň gar­şy­sy­na çyk­mak ba­ra­da ga­ra­şyl­ma­dyk tek­lip ge­lip go­wuş­ýar. Gu­ra­ma­çy­lar Ro­ber­tiň uni­wer­si­tet­de boks bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­la­nyp, ta­lyp­la­ryň ara­syn­da çem­pi­on bo­lan­dy­gy­ny, öz güý­jü­ni hem-de ça­la­syn­ly­gy­ny su­but eden­di­gi­ni bil­ýär­di­ler. Em­ma ol mun­dan öň hiç wagt pro­fes­sio­nal rin­ge çyk­man­dy. Kroks­li­li us­sat ýa­ly güýç­li, tej­ri­be­li boks­çy bi­len rin­ge çyk­mak onuň oýu­na hem gel­me­ýär­di. Ýö­ne ýe­ňiş üçin wa­da ber­len 100 funt ster­ling baý­rak Ro­ber­tiň äh­li kyn­çy­lyk­la­ry­ny des­si­ne çöz­mä­ge, oku­wy­ny ta­mam­lap dip­lom al­ma­gy­na we gel­je­gi­ni gur­ma­gy­na do­ly müm­kin­çi­lik ber­jek­di. Ro­bert Mont­go­me­ri öm­rü­niň iň jo­gap­kär­li, iň mö­hüm we tö­wek­gel­çi­lik­li pur­sa­dy­nyň öňün­de dur­dy. Ol ýa öz ab­ra­ýy­ny, sag­ly­gy­ny, hat­da öm­rü­ni-de or­ta go­ýup rin­ge çyk­ma­ly­dy, ýa-da luk­man bol­mak ar­zu­wyn­dan my­da­ma­lyk el çe­kip, şu tüs­sä gap­la­nan şä­her­çe­de ýet­de-güt­de dur­muş­da ga­ly­ber­me­li­di. Ýö­ne Ro­ber­tiň gel­je­ge bo­lan be­ýik ar­zu­wy hem-de berk era­da­sy gor­ku­syn­dan rüs­tem gel­di. Şeý­le­lik­de, luk­ma­nyň kö­mek­çi­si ýan­ber­mez boks­ça gar­şy rin­ge çyk­ma­ga ra­zy­lyk ber­di.
Ro­bert gys­ga wag­tyň için­de tut­lu­şy­ga taý­ýar­lan­ma­ga gi­riş­di. Onuň tür­gen­leş­me­gi, be­den taý­dan ber­ke­me­gi üçin bol­sa, san­ly­ja gü­n ga­lyp­dy. Ro­bert uni­wer­si­tet­de öw­re­nen boks til­sim­le­ri­ni – go­ran­ma­gy, ur­gu­lar­dan so­wul­ma­gy, gar­şy­lyk­la­ýyn hü­jüm et­me­gi tä­ze­den gaý­ta­lap ug­ra­dy. Ol gün­diz­ki agyr zäh­met­den soň ga­lan san­ly­ja sa­gat­lar­yn­da boks el­lik­le­ri­ni ge­ýip, tür­gen­le­şik geç­ýär­di, aýak he­re­ket­le­ri­ni kä­mil­leş­di­rip, go­rag til­sim­le­ri­ni gaý­ta­la­ýar­dy. Şeý­dip öz ça­la­syn­ly­gy­ny we çy­dam­ly­ly­gy­ny iň ýo­ka­ry de­re­jä ýe­tir­mä­ge ça­lyş­ýar­dy. Ota­gyn­da asyp go­ýan tor­ba­sy­ny ýum­ruk­lap tür­gen­leş­ýär­di, gi­je-gün­diz diý­män, bok­suň her bir tä­ri­ni we ur­gu­sy­ny hy­ýa­lyn­da tä­ze­den jan­lan­dyr­ýar­dy.
Ýö­ne onuň gar­şy­da­şy po­lat ere­di­ji­le­riň ara­syn­dan saý­la­nyp çy­kan ga­zap­ly sö­we­şi­ji, «kroks­li­li us­sat» la­ka­my­ny alan Saý­las Kregs­di. Bu boks­çy sö­weş­de örän re­him­siz­di. Ol di­ňe bir ýe­ňiş ga­zan­mak däl, eý­sem, gar­şy­da­şy­ny be­den hem-de ru­hy taý­dan bü­tin­leý çö­ker­mek, ony ring­den zor­dan gö­te­rip äkit­me­li ýag­da­ýa ge­ti­rip, mas­ga­ra et­mek üçin jan ed­ýär­di. Saý­las Kregs üçin bu tut­lu­şyk no­bat­da­ky aň­sat ýe­ňiş, ýö­ne­keý­je bir oýun ýa­ly­dy. Ol luk­ma­nyň ýaş kö­mek­çi­si­ni il­kin­ji raund­da-da seň­se­le­dip, ýe­re ýaz­jak­dy­gy­na bir­jik-de şüb­he­len­me­ýär­di. Kroks­li­li us­sa­dyň tür­gen­le­şi­gi­ni syn­la­ma­ga ge­len­ler onuň haý­bat­ly ur­gu­la­ry­ny gö­rüp, Ro­ber­tiň ýe­ňiş ga­zan­ma­ga hiç hi­li müm­kin­çi­li­gi­niň ýok­du­gy­ny çak­la­ýar­dy­lar. So­ňa­ba­ka ilat ara­syn­da bu du­şu­şyk ba­ra­da dür­li-dür­li myş-myş­lar, de­giş­me­ler, je­del­ler we ge­ňir­gen­me­ler ýaý­rap baş­la­dy. Luk­ma­nyň kö­mek­çi­si­niň Kroks­li­li us­sa­da gar­şy du­rup bil­jek­di­gi­ne hiç kim ynan­ma­ýar­dy. In­di hem­me­ler Ro­ber­te «gur­ban­lyk tok­ly» hök­mün­de se­red­ýär­di­ler, hat­da kroks­li­li us­sat ony gal­maz edäý­se-de, geň gör­me­jek­dik­le­ri­ni aý­dy­şyp, gor­kunç çak­la­ma­la­ry öňe sür­ýär­di­ler. Ro­bert bu howp­ly we tö­wek­gel­çi­lik­li ädi­mi dok­tor Ol­dakr­dan giz­lin sak­la­ýar­dy, se­bä­bi dok­to­ryň mun­dan ha­ba­ry bo­lan ýag­da­ýyn­da oňa hiç wagt rug­sat ber­me­je­gi­ni go­wy bil­ýär­di. Em­ma Ro­ber­tiň erk-era­da­sy di­ýip-aý­dar ýa­ly däl­di: ol öz ar­zu­wy we gel­je­gi üçin bu howp­ly sy­nag­dan hök­ma­n geç­me­li­di.
Tür­gen­le­şik­le­riň do­wa­myn­da Ro­bert fi­zi­ki taý­dan kä­mil­leş­me­gi­ne, çak­gan­ly­gy­na hem-de çy­dam­ly­ly­gy­na çyn­la­kaý üns ber­ýär­di. Esa­sy til­si­mi bol­sa, agyr we he­läk­çi­lik­li ur­gu­lar­dan sow­lup, gar­şy­da­şy­ny ýa­dat­mak, güý­jü­ni tü­ket­mek we amat­ly pur­sat­da jaý­dar, ça­la­syn hü­jüm­le­ri bi­len ýe­ňiş ga­zan­mak­dan yba­rat­dy. Şeý­le hem Ro­bert gar­şy­da­şy­nyň sag aýa­gy­nyň bi­raz gow­şak­dy­gy­ndan, çe­ýe he­re­ket edip bil­me­ýän­di­gi­nden ha­bar­ly­dy, ol hut şu ýet­mez­çi­lik­den peý­da­lan­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär­di. Onuň bi­len gö­nü­den-gö­ni dar­ka­şa gi­rip, top aty­lan ýa­ly ur­gu­la­ry­na gar­şy du­rup bol­ma­jak­dy­gy­na go­wy dü­şün­ýär­di, di­ňe akyl, ça­la­syn­lyk we dog­ry saý­la­nan emel-til­sim ony ha­las edip bil­jek­di.
Tut­lu­şyk gü­ni ýa­kyn­laş­dy­gy­ça, şä­her­çe­dä­ki dart­gyn­ly­lyk ýet­jek de­re­je­si­ne ýet­di. Tö­we­rek­dä­ki kö­mür kän­le­rin­den, ço­ýun ere­dil­ýän za­wod­lar­dan we goň­şy oba­lar­dan müň­ler­çe adam kö­ne fab­ri­giň için­de gu­rna­lan rin­giň da­şy­na ýyg­na­nyp baş­la­dy. Şah­ta­çy­lar öz zäh­met­keş syn­py­na de­giş­li bo­lan Ro­ber­ti uly ynam bi­len gol­da­ýar­dy­lar. Ro­bert üçin bu tut­lu­şyk di­ňe bir gar­şy­daş bi­len däl, eý­sem gar­şy ta­rap­da­ky duş­man­çy­lyk­ly, gy­ky­lyk­çy we şow­hun­ly mä­hel­le bi­len bol­jak sö­weş­di. Tut­lu­şy­gyň öň ýa­nyn­da­ky gi­jä­ni Ro­bert tü­ke­nik­siz ala­da­lar bi­len ge­çir­di. Ol iç­ki dün­ýä­sin­dä­ki gor­ky bi­len umy­dyň ara­syn­da çyr­pyn­ýar­dy. Eger ol ýe­ňil­se, di­ňe bir pul­suz gal­man, sag­ly­gy­ny, ab­ra­ýy­ny we luk­man­çy­lyk ug­run­dan gel­je­gi­ni hem ýi­tir­jek­di. Em­ma ýe­ňiş oňa tä­ze dur­mu­şyň, er­kin­li­giň, iň esa­sy hem, luk­man­çy­lyk kes­bi­niň ga­py­la­ry­ny aç­jak­dy. Bu pi­kir oňa gaý­rat ber­ýär­di, gor­ku­sy­ny ýeň­mä­ge kö­mek ed­ýär­di. Ol el­le­ri­ne se­ret­di-de: – Şu el­ler me­ni ýa luk­man eder, ýa-da äh­li zat­dan mah­rum gal­dy­rar – di­ýip py­şyr­da­dy.

Ahyr­so­ňy tut­lu­şyk gü­ni ge­lip ýet­di. Bi­na­nyň içi­ni müň­ler­çe ada­myň şow­hu­ny gap­lap alyp­dy. Gar­şy­daş­lar rin­ge çy­kan­la­ryn­da, mä­hel­lä­niň ola­ra bo­lan ga­raý­şy göz-gör­te­le ta­pa­wut­lan­ýar­dy. Kroks­li­li us­sat rin­ge çy­kan­da, bi­na­nyň içi­ni dol­du­ryp otu­ran köp­çü­li­giň ag­ram­ly bö­le­gi ony al­kyş­lap, aýak ta­pyr­dy­la­ry, sy­ky­lyk, uly şow­hun bi­len gar­şy al­dy. Onuň gör­nü­şi eý­menç­di: giň egin­li, tok­mak ýa­ly myş­sa­ly, ýü­zün­de köp sö­weş ýa­ra­la­ry­nyň yz­la­ry ga­lan bu adam ha­ky­ky, tej­ri­be­li us­sat­dy. Ro­bert rin­ge çy­kan­da bol­sa, de­mir­ ere­di­ji­ler to­pa­ry ony so­wuk-sa­la­, ýaň­sy­laý­jy de­giş­me­ler we gül­ki bi­len gar­şy­la­dy. Onuň in­çe­mik göw­re­si, sy­pa­ýy dur­ky hat­da ony gol­da­ýan şah­ta­çy­la­ryň gö­zü­ne hem ha­ky­ky boks­çy däl-de, ýö­ne bir to­ma­şa üçin çy­ka­n ki­şä meň­zed­ýär­di.
Emin ola­ra düz­gün­le­ri ýat­la­dan­soň, jaň ka­kyl­dy. Tu­tuş bi­na­nyň içi­ne üm­süm­lik ara­la­şyp, tut­lu­şyk baş­lan­dy. Kroks­li­li us­sat bir se­kunt hem wag­ty­ny ýi­tir­män, Ro­bert Mont­go­me­ri­niň üs­tü­ne aýy ýa­ly to­pul­dy. Onuň mak­sa­dy il­kin­ji se­kunt­lar­da gar­şy­da­şy­ny kül-pe­ýe­kun edip, sö­we­şi gys­ga wag­tyň için­de ta­mam­la­mak­dy. Ol ha­ýal et­män, özü­niň gür­zi ýa­ly agyr ýum­ruk­la­ry­ny, haý­bat­ly huk we kros ur­gu­la­ry­ny işe gi­riz­di. Onuň her bir ur­gu­sy ho­wa­ny ok ýa­ly ke­sip geç­ýär­di. Ola­ryň ýe­ke­je­si Ro­ber­te deg­se, sö­weş şol ba­da gu­tar­jak­dy. Ro­bert il­kin­ji se­kunt­lar­dan örän akyl­ly, so­wuk­gan­ly hem sa­byr­ly he­re­ket edip, öňün­den ma­za­ly bi­şi­ren tä­ri­ni berk ber­jaý et­di. Ol gar­şy­da­şy­nyň he­läk­leý­ji ur­gu­la­ryn­dan uzag­rak­da, ça­la­syn he­re­ket edip, he­mi­şe bel­li bir ara­ly­gy sak­la­ma­ga ça­lyş­dy. Agyr hü­jüm­ler­den ýe­ser­lik bi­len sow­lup, gar­şy­da­şy­nyň go­ra­ny­şyn­da­ky ki­çi­jik boş­luk­la­ry hem göz­den syp­dyr­maz­ly­ga jan ed­ýär­di.
Il­kin­ji raund­lar­da Ro­bert özü­niň çak­gan we ta­kyk sol jeb ur­gu­la­ry bi­len gar­şy­da­şy­nyň ýü­zü­ne yzy­gi­der­li ur­gy in­der­me­gi ba­şar­dy. Mu­ny gö­ren mä­hel­le haý­ran ga­lyp, dow­la düş­di. Ýaş luk­man kö­mek­çi­si­niň eser­deň gar­şy­ly­gy­na ga­har­dan ýa­ňa hum ýa­ly çi­şip, göz­le­ri gy­za­ran ýer­li boks­çy ga­za­ba mü­nüp, tä­ze­den öňe ok­du­ryl­dy. Üçün­ji we dör­dün­ji raund­la­ra ge­çi­len­de, tut­lu­şyk has-da ýo­wuz­la­şdy. Kroks­li­li us­sat Ro­ber­ti rin­giň bur­çun­da­ky ur­gan­la­ra gy­syp, göw­re­si­ne we kel­le­si­ne yzy­gi­der­li agyr ur­gu­la­ry in­der­di. Bu ur­gu­la­ryň zar­by­na çy­dap, ba­tyr­gaý go­ran­ýan Ro­bert ahy­ry burç­dan sy­ry­lyp çyk­ma­gy ba­şar­dy. Em­ma gar­şy­da­şy­nyň aşak­dan in­de­ren aýyl­ganç aper­kot zar­ba­sy Ro­ber­tiň gö­ni eňe­gi­ne deg­di. Şol ur­gy­nyň zar­by­na Ro­bert aýa­gy­nyň üs­tün­de du­rup bil­män, agyr gül­le ýa­ly ýe­re gür­pül­däp ýy­kyl­dy. Mä­hel­le güý­jün­de ba­ry­ny edip da­mak ýyrt­ýar­dy, kroks­li­li us­sa­dyň ta­rap­dar­la­ry bol­sa, eý­ýäm ýe­ňiş he­şel­le­si­ni kak­ma­ga baş­la­dy­lar.
Emin Ro­ber­tiň ýa­ny­na ba­ryp, sa­nap ug­ra­dy: «Bir, iki, üç…». Ro­ber­tiň göz­le­ri ga­raň­ky­rap, gu­lak­la­ryn­da eý­menç bir şaň­ňyl­dy peý­da bol­dy. Şol gys­ga­jyk, ýö­ne bir öm­re ba­ra­bar se­kunt­lar­da göz öňün­den ta­mam­la­ma­ly uni­wer­si­te­ti, ze­rur 60 funt ster­lin­gi, kyn­çy­lyk­la­ry, gel­jek­ki luk­man­çy­lyk bi­len bag­ly dur­mu­şy ki­no len­ta­sy ýa­ly ge­çip git­di. Onuň bu ýer­de ýy­ky­lyp gal­ma­gy bol­jak zat däl­di, bu ýag­daý tu­tuş öm­rü­niň kül bol­ma­gy­ny aň­lad­ýar­dy. Emin «se­kiz» di­ýen­de, Ro­bert san­dy­ra­ýan aýak­la­ry­na da­ýa­nyp, po­lat deý er­ki­niň güý­ji bi­len di­kel­di hem-de tä­ze­den go­ra­nyş ýag­da­ýy­na geç­di.
Bä­şin­ji we al­tyn­jy raund­lar­da Ro­bert öň­ki säw­lik­le­rin­den sa­pak alyp, tut­lu­şy­gy dur­nuk­ly alyp bar­dy. Ol in­di bur­ça gy­syl­man, açyk meý­dan­da gal­ma­gy ba­şar­dy. Kroks­li­li us­sat bol­sa, ýa­şy we agyr göw­re­si ze­rar­ly rin­giň için­de on­dan-oňa yl­gap-bö­küp sö­weş­mek­den ýa­dap, dem al­şy bar­ha kyn­la­şyp, ys­gyn­dan ga­çyp ug­rap­dy. Ro­bert gar­şy­da­şy­nyň ýa­dan­dy­gy­ny aň­dy-da, ça­la­syn­lyk bi­len onuň go­ra­ny­şyn­da­ky boş­luk­la­ry­na ta­kyk hem-de yzy­gi­der­li ur­gu­la­ry ýag­dy­ryp baş­la­dy. Çep gö­zi güp ýa­ly çi­şip, kyn­lyk bi­len gör­ýän gar­şy­da­şy­nyň in­di ýü­zün­de­nem gan akyp baş­lap­dy.
Tut­lu­şyk uza­ga çek­di­gi­çe, mä­hel­lä­niň ara­syn­da py­şyr­dy, do­wul hem-de Ro­ber­te bo­lan hor­mat art­ýar­dy. «Ýaş luk­man» diý­lip kem­si­di­len ýi­gi­diň ab­raý­ly boks­ça gar­şy du­rup, eder­men­lik bi­len gaý­ta­wul be­rip bil­jek­di­gi­ne hiç kim ynan­man­dy. Se­kun­dant­la­ryň ber­ýän mas­la­hat­la­ry-da oňa kö­mek et­me­ýär­di, ol bar güý­jü­ni jem­läp, Ro­ber­ti ýe­re ýaz­mak üçin yzy­gi­der­li hü­jü­me geç­ýär­di. So­ňa­ba­ka ol özü­ne ga­har edip, akyl-hu­şu­ny ýi­ti­rip ug­ra­dy. Ýe­din­ji we se­ki­zin­ji raund­lar çy­dam­ly­ly­gyň sy­na­gy­na öw­rül­di. Ýig­ri­mi ra­un­da ni­ýet­le­nen bu tut­lu­şyk bar­ha gy­zyp, aýyl­ganç hem gan­ly sö­we­şe öw­rül­di. Ro­bert hem bir­nä­çe agyr ur­gy al­dy, do­da­gy ça­pyl­dy, gö­zü­niň gy­ra­sy ga­na­dy, en­da­my­na bir­nä­çe gök düş­di. Em­ma ol iç­ki er­ki, po­lat ýa­ly çy­dam­ly­ly­gy bi­len aýak üs­tün­de mert­ler­çe dur­ma­gy ba­şar­dy. Gar­şy­da­şy­nyň du­ra-ba­ra ys­gyn­dan gaç­ýan­dy­gy­ny gö­ren Ro­bert oňa ga­lan­ja güý­jü­ni-de di­ňe ho­wa urup tü­ket­me­gi üçin maý ber­di. Ring in­di ýa­şa­ýyş bi­len ölü­miň ara­syn­da­ky sö­weş meý­da­ny­na öw­rü­lip­di.


Tut­lu­şy­gyň on bä­şin­ji ra­un­dy­na ge­çi­len­de, kroks­li­li us­sat öň­kü­si ýa­ly çak­gan hem ber­daş­ly däl­di. Aýak­la­ry san­dy­rap, haş­lap kyn­lyk bi­len dem al­ýar­dy, el­lik­li el­le­ri­ni zor­dan gö­ter­ýär­di. Onuň göz­le­rin­de öň­ki haý­bat­dan nam-ny­şan gal­man­dy. Ro­bert Mont­go­me­ri bol­sa üz­nük­siz tür­gen­le­şik­le­ri­niň, ýaş­lyk çy­dam­ly­ly­gy­nyň we be­ýik ar­zu­wy­nyň sa­ýa­syn­da en­tek hem aýak üs­tün­de dur­dy. Ol gar­şy­da­şy­nyň ha­lys ýa­dan­dy­gy­na, go­ra­ny­şy gow­şa­dan­dy­gy­na göz ýe­tir­di. Bu onuň owal­baş­dan sa­byr bi­len ga­ra­şan ýe­ke-täk, al­tyn pur­sa­dy­dy. Ro­bert şon­da iň soň­ky, aý­gyt­ly hü­jü­mi­ne geç­di. Ol il­ki çep eli­niň çalt, al­da­wa sa­ly­jy je­bi bi­len gar­şy­da­şy­nyň ün­sü­ni sow­dy. Soň­ra bol­sa bar güý­jü­ni, tu­tuş ar­zuw-hy­ýa­ly­ny jem­läp, sag eli­niň ta­kyk we agyr ur­gu­sy­ny kroks­li­li us­sa­dyň eňe­gin­den in­der­di. Bu örän tiz, ta­kyk we jem­leý­ji ur­gy bol­dy. Ýan­ber­mez boks­çy des­si­ne de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny ýi­tir­di. Göz­le­ri ga­raň­ky­rap, dyz­la­ry gow­şan boks­çy­nyň äpet göw­re­si ar­kan­ly­gy­na, rin­giň agaç po­lu­na gür­pül­däp gaýt­dy. Bi­na­nyň içi­ne az sa­lym dym-dyrs­lyk ara­laş­dy. Müň­ler­çe adam göz­le­ri­ne ynan­ma­ýar­dy: tu­tuş şä­her­çä­niň, ring­le­riň hyýr­syz gah­ry­ma­ny bo­lan ýan­ber­mez boks­çy ýer­de ýa­tyr­dy. Emin onuň ýa­ny­na ba­ryp sa­nap baş­la­dy: «Bir, iki, üç… se­kiz, do­kuz, on! Aut!». Saý­las Kregs ýe­rin­den goz­ga­nar ýa­ly däl­di. Bu ha­ky­ky no­ka­ut­dy. Emin Ro­bert Mont­go­me­ri­niň en­tek hem san­dy­ra­ýan eli­ni ýo­ka­ry gal­dyr­dy-da, ony tut­lu­şy­gyň ýe­ňi­ji­si di­ýip yg­lan et­di. Şol pur­sat bi­na­nyň için­dä­ki dym-dyrs­lyk or­nu­ny şow­hun­ly ses­le­re, sy­ky­lyk­la­ra hem-de gür­rül­di­li el çar­pyş­ma­la­ra ber­di. Öň Ro­ber­ti kem­si­den­ler, şyl­tak atyp, üs­tün­den gü­len­ler hem in­di onuň gaý­duw­syz­ly­gy­na, er­ki­ne, til­si­mi­ne we sö­weş­jeň ru­hu­na haý­ran ga­lyp, uly hor­mat bi­len al­kyş­la­dy­lar. Olar Ro­ber­ti gö­ter­gi­läp di­ýen ýa­ly ring­den alyp çyk­dy­lar.
Şeý­le­lik­de, Ro­bert pe­te­giň sa­tu­wyn­dan dü­şen goş­ma­ça pa­ýyň go­şul­ma­gy bi­len je­mi 190 funt ster­ling pul baý­ra­gy­na eýe bol­dy. Bu pul oňa di­ňe bir oku­wy­nyň soň­ky ýy­ly üçin tö­le­gi­ni tö­le­mä­ge däl, eý­sem, oku­wy­ny do­ly ta­mam­lan­soň gel­je­gi­ni gur­ma­ga hem do­ly ýar­dam et­jek­di. Ol azat­ly­gy­ny, ab­ra­ýy­ny we gel­je­gi­ni sars­maz er­ki hem-de öz el­le­ri bi­len ga­za­nyp­dy. Tut­lu­şyk­dan soň Ro­bert ba­şy­ny be­lent tu­tup, kal­byn­da­ky çuň­ňur buý­sanç we ka­na­gat­lan­ma duý­gu­sy bi­len öz ota­gy­na git­di. Ol ju­da ýa­daw, be­de­ni ur­gu­lar­dan ýa­ňa gök-ala bol­sa-da, iç­ki dün­ýä­sin­de uly ra­hat­ly­gy, özü­ne sars­maz yna­my duý­ýar­dy. Ro­bert dur­mu­şy­nyň iň uly, iň agyr we tö­wek­gel­çi­lik­li sy­na­gyn­dan üs­tün­lik­li geç­me­gi ba­şa­ryp­dy. Ol di­ňe bir tej­ri­be­li boks­çy­ny ýeň­män, kyn­çy­lyk­la­ry­ny, umyt­syz­ly­gy­ny, ga­ryp­ly­gy­ny we gor­ku­sy­ny hem ring­de taş­lap gaý­dyp­dy.
Bir­nä­çe gün­den soň Ro­bert Mont­go­me­ri he­mi­şe tüs­sä gap­la­nyp otu­ran bu ki­çi­jik se­na­gat şä­her­çe­si­dir hu­syt dok­tor Ol­dakr bi­len hoş­la­şyp, oku­wy­ny do­wam et­dir­mek üçin Lon­do­na ýo­la düş­di. Ol bu ço­la kün­jek­de ge­çi­ren agyr gün­le­ri­ni, şol ga­zap­ly boks tut­lu­şy­gy­ny hem-de öz ýan­ber­mez er­ki bi­len ga­za­nan ýeň­şi­ni öm­rü­niň ahy­ry­na çen­li uly buý­sanç bi­len kal­byn­da gö­te­rip gez­di.

Ter­ji­me eden
Ýe­gen­mäm­met TAÝ­LY­ÝEW.