Wenger edebiýatynyň görnükli wekili, dünýäde uly abraý gazanan ýazyjy Peter Nadaş 84-nji ýaşynyň içinde aradan çykdy. Ol 26-njy awgustynda ýurdun günbataryndaky Zala welaýatynyň Gomboşseg obasynda ýerleşýän öýünde agyr keselden soň aradan çykdy.

Peter Nadaş 1942-nji ýylda Budapeşt şäherinde dünýä inip, 16 ýaşynda ýetim galypdy. Ol özüniň hünär ýoluna žurnalist we fotosuratçy hökmünde başlap, «Nök Lapýa» ýaly neşirlerde zähmet çekdi. Ýaşlygyndan edebiýat bilen çynlakaý gyzyklanan ýazyjy ilkinji hekaýasy bolan «Injil» atly eserini 20 ýaşyndaka okyjylara ýetirdi.

Onuň esasy maksady adamlaryň birek-birekden gizleýän zatlaryny, adam ruhunyň çuňluklaryny hem-de taryhy üýtgeşmeleriň adamyň ykbalyna edýän täsirini açyp görkezmekden ybarat boldy. Okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanan «Ýatlamalar kitaby» atly romany oňa hakyky halkara meşhurlygyny getirdi. Mundan başga-da, ol XX asyryň wenger taryhynyň çuňňur gatlaklaryny açyp görkezýän «Parallel taryhlar» atly möhüm trilogiýasy üstünde 18 ýyl zähmet çekip, ony 2005-nji ýylda tamamlady. Şeýle hem, onuň soňky ýyllarda çap edilen «Gyzyl Adel: Sungat baradaky esseler», «Ýagdaýy barlamak» ýaly eserleri we 2017-nji ýylda ýazylan iki jiltli «Ýagtylandyrylan jikme-jiklikler» ýatlamalar kitaby bellenmäge mynasypdyr.

Ömrüniň soňky ýyllarynda hem işjeň döredijilik bilen meşgullanyp, dürli esse toplumlaryny, ýatlamalaryny we «Meniň aradan çykan dostlarym» atly iň sоňky eserini 2025-nji ýylda çap etdirdi. Onuň eserleri dünýäniň köp dillerine, şol sanda rus diline hem terjime edildi. Ýazyjy baý mazmunly döredijilik ýoly üçin Wengriýanyň Koşut we Ýožef Attila adyndaky ýokary döwlet baýraklaryna mynasyp boldy. Şeýle-de, ol Awstriýa bilen Germaniýanyň abraýly halkara baýraklaryny alyp, ençeme gezek Nobel baýragyna dalaşgär görkezildi.