Tebigy täsinlik
Monument jülgesi iň owadan ýerleriň sanawynda öňdäki orny eýeleýär. 1930-njy ýyllardan bäri metbugat neşirlerinde we filmlerde suratlandyrylýan sarymtyl-gyzgylt gaýalar ABŞ-nyň Arizona ştatynyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýär. «Gaýalaryň jülgesi» diýlip atlandyrylýan bu sebit nawaho halky, ýagny ýerli amerikan halky tarapyndan mukaddes ýer hasaplanýar. Amerikanyň günbataryndaky iň owadan gözellik bolan Monument jülgesi Kolorado platosynyň bir bölegidir. Deňiz derejesinden 1500-1800 metr beýiklikde ýerleşýän jülgede açyk gyzyl reňkli derýa çökündisinden emele gelen üç gatlakly dag jynslary Günüň şöhlesine ýalpyldap, owadan peýzažy emele getirýär. Bu ýerdäki ýadygärliklere Günbatar we Gündogar Mitten depeleri, Merrik depesi, Hants üsti tekiz depesi, Bürgüt üsti tekiz depesi, Sentinen üsti tekiz depesi, Brigams Tom, Kastl Rok, Uly Hindi, Ýagyş Hudaýynyň üsti tekiz depesi, Spirhed üsti tekiz depesi, Mitçell depesi, Pil depesi, Düýe depesi, Klaý depesi ýaly gaýalar girýär. Jülgede «Günüň gözi» diýlip atlandyrylýan gowaga meňzeş gaýalar hem bar.

1776-njy ýylda ispan syýahatçylarynyň bu sebite gelmegi bilen, Monument jülgesi köpçülige mälim edilýär. 1920-nji ýylda jülgede söwda nokady açylýar. Ýerli ilat bu ýerden azyk önümlerini we beýleki harytlary satyn alyp başlaýar. 1939-njy ýylda gaýalaryň arasynda «Diližans» (Stagecoach) filminiň surata düşürilmegi bilen, bu sebit sansyz mahabatlaryň hem-de aýdym-saz wideolarynyň dörän ýerine öwrülýär. 1958-nji ýylda Monument jülgesinde seýilgäh döredilip, syýahatçylyk ösüp başlaýar.
Başgaça «ýadygärlik jülgesi» diýilýän Monument jülgesine 163-nji awtoulag ýoly arkaly baryp bolýar. Köplenç amerikan filmlerinde bu jülgäniň üstünden awtoulagly geçilip gidilýän sahnalar görkezilýär. Jülgäniň iň meşhur gaýalarynyň biri «Meksikan şlýapasy» bolup, depäniň üstünde şlýapa meňzeş uly daş böleginiň ýykylman saklanyp durmagy görenleri haýran galdyrýar.
Alymlaryň bellemegine görä, Monument jülgesindäki gaýalar 300 million ýyl mundan ozal derýanyň guramagy we çäge gatlaklarynyň dag jynsyna öwrülmegi netijesinde emele gelipdir. Owadan gaýalaryň döremeginde ýeliň, buzuň we güýçli ýagşyň hem täsiri bar. Gurak ýerde ýerleşýän Monument jülgesinde howanyň temperaturasy tomsuna aşa yssy, gyşyna örän sowuk bolýar. Gaýalaryň jülgesine her ýyl 400 müňden gowrak syýahatçy barýar.
PDF







