«Jen­net ada­sy» hök­mün­de ta­nal­ýan Maw­ri­kiý ak çä­ge­li ke­nar­la­ry, çüý­şe ýa­ly göm-gök su­wy, dag­la­ryň ara­syn­da giz­le­nen go­wak­la­ry hem-de ýa­şyl te­bi­ga­ty bi­len gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. «Te­bi­ga­tyň iň go­wy sun­gat ese­ri» bo­lan bu ada Hin­di um­ma­ny­nyň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýär. 2 müň 40 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny tut­ýan ada ýur­dun­da 1 mil­li­on­dan gow­rak ilat ýa­şa­ýar. Maw­ri­kiý ada­syn­da 1 şä­her, 4 şä­her­çe we 130 oba bar. Her ýyl müň­ler­çe sy­ýa­hat­çy­ny özü­ne çek­ýän Maw­ri­kiý tut­ýan meý­da­ny­nyň ki­çi­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, myh­man­la­ra tä­sin tro­pik gur­şa­wy hö­dür­le­ýär.
Maw­ri­ki­niň gö­zel ýer­le­ri­niň sa­na­wyn­da, il­ki bi­len, ta­ry­hy bi­na­la­ra baý paý­tagt şä­her Port-Lu­is gel­ýär. Adyn­dan hem bel­li bol­şy ýa­ly, Port-Lu­is ýur­duň port şä­he­ri­dir. Sy­ýa­hat­çy­lyk gä­mi­le­ri (kruiz) we ada bar­ýan ja­han­keş­de­ler üçin bu şä­her der­we­ze bo­lup hyz­mat ed­ýär. Ke­nar­ýa­ka şä­he­riň ila­ty­nyň esa­sy kä­ri te­le­ke­çi­lik bo­lup, kö­çe­ler­de gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da he­re­ket ýat­ma­ýar. Port-Lui­se ba­ran sy­ýa­hat­çy­lar şä­her­de köp­dür­li me­de­ni­ýe­tiň tä­si­ri­niň bar­dy­gy­na göz ýe­tir­ýär­ler. Bu ýer­de söw­da mer­kez­le­ri, res­to­ran­lar we ba­zar­lar bi­len bir ha­tar­da, fran­suz­la­ryň ko­lo­ni­al bi­na­la­ry­ny, iň­lis­le­riň Sent Jeýms köşk top­lu­my­na meň­zeş ga­la­la­ry­ny gör­mek bol­ýar. Hat­da paý­tagt şä­her­de Hy­taý me­de­ni­ýe­ti­niň tä­si­ri hem gö­ze il­ýär. Sy­ýa­hat­çy­lar şä­her­dä­ki Hy­taý mi­ras mu­ze­ýi­ne ba­ran­la­ryn­da, öz­le­ri­ni Hy­taý­da ýa­ly duý­ýar­lar. Ma­wri­ki­niň paý­tag­tyn­da­ky köp san­ly mu­zeý­le­riň ara­syn­da Ew­ri­ka öýi aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýär. 1830-njy ýyl­da ada ge­len aris­tok­rat­lar üçin gur­lan bu bi­na do­lu­ly­gy­na agaç­dan ýa­sa­lyp­dyr. How­lu­syn­da owa­dan bag­la­ry, mi­we­li agaç­la­ry, der­ýa­la­ry we ki­çi­jik şag­la­wuk­la­ry bo­lan Ew­ri­ka öýi hä­zir­ki wagt­da mu­zeý hök­mün­de sak­lan­ýar.
Maw­ri­ki­niň iň uly sy­ýa­hat­çy­lyk mer­kez­le­ri­niň ýe­ne bi­ri Grand Beý bo­lup, ýur­duň owa­dan ýer­le­ri­niň kö­pü­si şu ýer­de ýer­leş­ýär. «Uly aý­lag» diý­me­gi aň­lad­ýan bu oba adyn­dan bel­li bol­şy ýa­ly, deň­ziň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýär. Oba­da dynç alyş mer­kez­le­rin­den baş­lap, wil­la­la­ra we myh­man­ha­na­la­ra çen­li, bir­nä­çe sy­ýa­hat­çy­lyk mer­kez­le­ri bar. Bu aý­lag owa­dan ke­nar­la­ry, su­was­ty ge­ze­lenç­le­ri, ka­şaň res­to­ran­la­ry, ka­fe­le­ri we güý­men­je mer­kez­le­ri bi­len jan­ly we joş­gun­ly dynç al­şy hö­dür­le­ýär.

Maw­ri­kiý ada ýur­du­ny köp­ler meş­hur «deň­ze ak­ýan şag­la­wuk» ar­ka­ly ta­na­ýar­lar. Le-Morn-Bra­ban ýa­rym ada­sy­nyň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýän su­was­ty şag­la­wuk tä­sin te­bi­gy ha­dy­sa­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Deň­ziň için­dä­ki şag­la­wu­gy di­ňe ýo­kar­dan di­ku­çar­ly syn­la­mak ar­ka­ly gö­rüp bol­ýar. Su­was­ty 150 metr çuň­lu­ga ak­ýan şag­la­wu­gy ga­ýyk­ly ýü­züp bar­ýar­kaň saý­ga­ryp bol­ma­ýar. ­Le-Morn-Bra­ban ýa­rym ada­syn­da dag­la­ryň ýer­le­şi­şi hem dür­li-dür­li bo­lup, için­de köp san­ly te­bi­gy go­wak­lar giz­le­nen. Şeý­le dag­la­ryň bi­ri hem ta­ry­hy taý­dan uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan Le­morn Bra­bant­dyr. Be­ýik­li­gi 556 met­re ýet­ýän ba­zalt dag ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len tä­sin ýer­le­riň bi­ri­dir.
Maw­ri­kiý ada­sy­na gö­çüp ba­ran hin­di­le­riň mu­kad­des ýer ha­sap­la­ýan Gran-Bas­sen kö­lü­niň ro­wa­ýat­la­rda Gang der­ýa­syn­dan ge­lip çy­kan­dy­gy aý­dyl­ýar. Gran-Bas­sen kö­lü­niň gy­ra­syn­da 33 metr be­ýik­lik­dä­ki Şi­wa heý­ke­li hem yba­dat­ha­na­lar bi­len bir­lik­de Hin­dis­ta­ny ýa­dy­ňa sal­ýar. Kö­lüň ke­na­ryn­da ýa­la­ňaç aýak­ly ýö­re­mek ýör­gün­li däp­le­riň bi­ri­dir.

«Jen­net ada­sy­nyň» de­mir­ga­zy­gyn­da köp san­ly gä­mi­le­riň bat­ma­gy­na se­bäp bo­lan ga­ýa­ly ke­nar ýer­leş­ýär. «Bet­bagt­çy­lyk bur­ny» (Cap Mal­heu­reux) diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan sy­ýa­hat­çy­lyk mer­ke­zi hä­zir­ki wagt­da gy­zyl üçek­li Notr-Dam-Ok­si­li­at­ris yba­dat­ha­na­sy bi­len meş­hur­dyr.
Maw­ri­ki­niň gü­nor­ta­syn­da ýer­leş­ýän Su­il­ýak ada ýur­du­nyň ta­ry­hy mer­kez­le­ri­niň bi­ri­dir. Şe­ker­çiň­rik ýük­le­nen gä­mi­le­riň ýy­gy-ýy­gy­dan gel­ýän bu por­tun­da meş­hur şa­hyr Ro­bert-Ed­ward Har­tyň öýi La Ne­fi gör­mek bol­ýar. Hä­zir mu­zeý hök­mün­de hyz­mat ed­ýän La Nef öýi, Ro­çes­ter şag­la­wu­gy, Sa­wan der­ýa­sy we Gri-Gri uçu­dy hök­man gö­rül­me­li ýer­ler­dir.

Bel Ombr oba­syn­dan dag­la­ra ta­rap uza­lyp gid­ýän Fre­de­ri­ka te­bi­gy go­rag­ha­na­sy­nyň çä­gin­de ýur­duň iň uly şag­la­wu­gy ýer­leş­ýär. Ada­nyň bio­dür­lü­li­gi­ni go­ra­mak mak­sa­dy bi­len dö­re­di­len ýö­ri­te se­bit­de en­de­mik ösüm­lik­ler we haý­wan­lar ýa­şa­ýar. We­lo­si­ped­li ýa-da ýol­suz ýer­den ýö­re­ýän ulag­lar ar­ka­ly ba­ryp bol­ýan bu go­rag­ha­na te­bi­ga­ty syn­la­mak üçin aja­ýyp ýer­le­riň bi­ri­dir. Ada ýur­dun­da­ky baş­ga bir jül­ge­de La-Wal­le-de-Fer­ni haý­wa­nat ba­gy ýer­leş­ýär. Sy­ýa­hat­çy­lar bu haý­wa­nat ba­gy­na hök­man bar­ýar­lar.
Maw­ri­ki­niň te­bi­gy tä­sin­lik­le­ri­niň ýe­ne-de bi­ri Blek-Ri­wer, ýag­ny Ga­ra der­ýa diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan mil­li se­ýil­gä­hi­dir. Owa­dan jül­ge­le­riň ara­syn­dan ak­ýan Ga­ra der­ýa­nyň ug­run­da bir­nä­çe şag­la­wuk bar. Da­ga dyr­maş­ma­gy, ga­ýyk­ly ge­ze­lenç­le­ri we ka­noe­de ýüz­me­gi ha­la­ýan­la­ryň iň köp bar­ýan bu ýe­ri­ne ýer­li halk ta­ra­pyn­dan «Ga­ra der­ýa jül­ge­le­ri mil­li se­ýil­gä­hi» diý­lip at be­ril­di.
Maw­ri­ki­niň me­de­ni­ýe­ti ýa­ly, mil­li aş­ha­na­sy hem köp­dür­lü­dir. Ýer­li önüm­ler­den taý­ýar­la­nyl­ýan kö­çe ta­gam­la­ry ada­nyň iň go­wy na­har­la­ry ha­sap­lan­ýar. Bu ýer­de sy­ýa­hat­çy­la­ra kar­ri, pi­ta çö­re­gi, ro­ti we ga­teau ýa­ly ta­gam­lar hö­dür edil­ýär. Ada­da ajy hem-de hin­di we hy­taý aş­ha­na­sy­na mah­sus ta­gam­lar has köp iýil­ýär. Ada ýur­dun­da baý­ram­çy­lyk­lar we fes­ti­wal­lar hem ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­ýär. Her ýy­lyň few­ral aýyn­da Ma­ha Şi­wa­rat­ri fes­ti­wa­ly­nyň çä­gin­de 250 müň­den gow­rak hin­di ja­han­keş­de­le­ri Maw­ri­kiý ada­sy­nda jem­len­ýär. Ada­da iý­mit we tans fes­ti­wal­la­ry hem gu­ral­ýar.