Hytaýda Ýanszy derýasynyň aşagyndan tunel gurmaga niýetlenen äpet maşyn gurlup gutaryldy. «Linghang» atly äpet agregat derýanyň aşagyndan geçjek demir ýol ötüginiň gurluşygynda peýdalanylar. Diametri 13,72 metre barabar bolan maşynyň uzynlygy 145 metre ýetýär.
Ýurtda durmuşa geçirilýän ýol-ulag taslamasynyň çäklerinde Ýanszy derýasynyň astyndan demir ýol geçirilmegi maksat edinilýär. Ýerasty geçelgede iki sany ugurdaş demir ýol gurlar. Bu bolsa, iki tarapa hem üznüksiz otly gatnawyny ýola goýmaga mümkinçilik berer.
Derýanyň aşagyny gazmak örän çylşyrymly we kyn. Sebäbi ýokardan suwuň agramy hem basyş edýär. Şol sebäpli maşyn goşmaça daşky gorag gatlagy bilen üpjün edilipdir. Nankin şäherinde amala aşyryljak taslamanyň çäklerinde jemi uzynlygy 20,4 kilometr boljak demir ýol gurlar. Şonuň 14 kilometr bölegi ýeriň astyndan geçer. Derýanyň aşagyndan geçýän böleginiň iň çuň ýeri 107 metre ýeter. Ol ýerde gurluşyk iki tarapdan başlanar. Tunnel gazyjy maşynlar ortada «duşuşarlar».
Guruljak ýerasty demir ýol geçelgesi ýurduň iri ykdysady zolaklaryny birleşdirer.
PDF








