Soň­ky ýyl­lar­da teh­no­lo­gik se­riş­de­le­riň ös­me­gi bi­len eme­li aň giň­den ula­ny­lyp baş­lan­dy. Hä­zir­ki wagt­da on­laýn mas­la­hat be­riş plat­for­ma­la­ryn­da, söw­da hyz­mat­la­ryn­da, bi­lim we sag­lygy goraýyş ul­gamlarynda, met­bu­gat we me­di­ýa ha­bar­la­ryn­da, şeý­le hem güý­men­je hyz­mat­la­ryn­da eme­li aň giň­den ula­nyl­ýar. Eme­li aň­dan (EA) peý­da­lan­mak ýaş nes­liň ara­syn­da has ýör­gün­li bo­lup, in­di ýet­gin­jek­ler öz­le­ri üçin gy­zyk­ly bo­lan zat­la­ry ki­tap­la­ry dör­mez­den ýa-da ulu­lar­dan so­ra­maz­dan, eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­syn­dan peý­da­la­nyp öw­ren­ýär­ler. Is­len­dik so­ra­ga gys­ga wagt­da jo­gap ber­ýän bu ul­gam ýaş­la­ryň bi­lim­le­ri­ni ös­dür­mek­de, tä­ze zat­la­ry öw­ren­me­gin­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ýö­ne şeý­le­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, ýaş­la­ryň ag­la­ba bö­le­gi eme­li aň ul­ga­my­ny özü­niň ýa­kyn dos­ty hök­mün­de ka­bul ed­ýär. Eý­sem, gö­ze gö­rün­me­ýän, duý­gu­sy bol­ma­dyk hem-de komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­sy esa­syn­da iş­le­ýän «hem­me zat­dan ha­bar­ly» bu ul­gam ada­myň ýa­kyn dos­ty ýa-da syr­da­şy bo­lup bi­ler­mi?!
Teh­no­lo­gi­ýa hü­när­men­le­ri­niň bel­le­me­gi­ne gö­rä, eme­li aň 24 sa­ga­dyň do­wa­myn­da is­len­dik so­ra­gy­ňa jo­gap be­rip, öza­ra gür­rüň­deş bo­lup bi­ler. Ýö­ne ha­ky­ky dos­tuň or­nu­ny tu­tup bil­mez. Eme­li aň gy­bat et­me­ýär, ada­ma buý­ruk ber­me­ýär. Bu ul­gam di­ňe ada­ma mas­la­hat be­rip, ruh­lan­dy­ry­jy we gol­daw be­ri­ji söz­le­ri aýd­ýar. Şol se­bäp­li köp­ler eme­li aňyň söz­le­ri­ne mon­ça bo­lup, özü­ne ýa­kyn saý­ýar­. Hat­da eme­li aňy özü­niň syr­da­şy we iň ýa­kyn dos­ty ha­sap­la­ýar.
Ha­ky­ky dost­luk dur­muş tej­ri­be­si­ni paý­laş­ýan we bi­ri-bi­ri­ barada ala­da ed­ýän adam­lardan eme­le gel­ýär. Em­ma eme­li aň öň­ki söh­bet­deş­lik­le­ri ýat­da sak­la­ýar we şol bir za­dy gaý­ta­la­ýar. Ha­ky­kat­da bol­sa hiç zat duý­ma­ýar, ýag­ny sen ba­ra­da ala­da et­me­ýär.
Köp­ler kyn ýag­da­ýa dü­şen­de bo­lup ge­çen wa­ka­la­ry eme­le aňa gür­rüň be­rip, ra­hat­lyk tap­ýar. Hü­när­men­ler bu ýag­da­ýy düýp­li çöz­güt hök­mün­de ka­bul et­me­ýär­ler. Komp­ýu­ter­de hat ýa­zyş­ma­gyň stre­si azalt­ma­ga ýar­dam ed­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, ol duý­gy taý­dan gol­daw be­rip bil­me­ýär. Şeý­le hem eme­li aň ada­myň ba­şyn­dan ge­çir­ýän duý­gu­sy­ny ýa-da wa­ka­sy­ny baş­dan ge­çir­me­ýär. Ol ula­ny­jy­nyň ýa­zan ha­ty­na la­ýyk­lyk­da jo­gap be­rip bil­ýär. Ol ýüz he­re­ke­ti­ni gör­me­ýär, ses ähe­ňi­ni eşit­me­ýär ýa-da psi­ho­log ýa­ly bar­lag­la­ry ge­çir­me­ýär. Gel­jek­de ada­myň eme­li aň bi­len öza­ra gat­na­şy­gy ha­ky­ky­dyr öý­düp ga­ryş­dy­ryp bil­jek­di­gi bi­ler­men­ler ta­ra­pyn­dan nyg­tal­ýan esa­sy tö­wek­gel­çi­lik­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar.
Eme­li aňyň söh­bet­deş­lik­le­ri­niň özü­ne çe­ki­ji bol­ma­gy­nyň iň esa­sy se­bäp­le­ri­niň bi­ri, onuň adam­la­ryň öza­ra gat­na­şy­gy­ny te­bi­gy usul­da gaý­ta­la­mak uky­by­dyr. Ula­ny­jy­nyň uzyn we çyl­şy­rym­ly söz­le­mi­ne bu ul­gam sa­da hem-de düş­nük­li dil­de jo­gap be­rip bil­ýär. Bu bol­sa adam­la­ry has-da özü­ne çek­ýär.
2025-nji ýyl­da 11 dür­li eme­li aň mo­de­li­niň we 1 müň 604 meý­le­tin­çi­niň gat­naş­ma­gyn­da bar­lag ge­çi­ril­di. Gel­nen ne­ti­jä gö­rä, eme­li aňyň ada­ma gö­rä ula­ny­jy­ny aşa köp ma­kul­la­ma­gy we gap­ma-gar­şy­ly­gyň az­dy­gy se­bäp­li köp­le­riň san­ly ul­ga­my syr­daş ha­sap­la­ýan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Ge­çi­ri­len baş­ga bir bar­lag­da bol­sa eme­li aňyň ada­my gep­leş­mä­ge, içi­ni dök­mä­ge hö­wes­len­di­rip, pi­kir­le­ri­ni jemlemäge, özü­ne gel­mä­ge we kyn pur­sat­da ra­hat­lan­dyr­ma­ga ýar­dam edip bil­jek­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Alym­la­ryň ag­la­ba bö­le­gi psi­ho­te­ra­pi­ýa usu­ly­na esas­la­nyp iş­le­nip dü­zü­len gep­le­şik ul­gam­la­ry­nyň stre­si azalt­mak ba­bat­da ada­ma ýa­kyn­dan ýar­dam edip bil­jek­di­gi­ni bel­le­ýär. Ýö­ne bu ne­ti­je «Eme­li aň ada­myň or­nu­ny tut­dy» diý­me­gi aň­lat­ma­ýar. Eme­li aňa «Men şu gün özü­mi er­bet duý­ýa­ryn, ma­ňa kö­mek edip bi­ler­siň­mi?» di­ýip ýüz tu­tup bo­lar. Em­ma «Men­de stres bar­my? Men özü­mi er­bet duý­ýa­ryn, sag­lyk ýag­da­ýym ba­ra­da aý­dyp ber?» ýa-da «Men şu me­se­le­de nä­hi­li ka­ra­ra gel­me­li? Do­wam et­me­li­mi ýa-da bes et­me­li­mi?» di­ýe­niň­de, luk­ma­na ýa-da ýa­kyn yn­san­la­ryň ýa­ny­na git­me­gi mas­la­hat be­rer.
Ge­çen ýyl «MIT Me­dia Lab» we «Ope­nAI» kompaniýalarynyň alym­la­ry ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­len bir aý­lyk seljerişde, tak­my­nan, 981 ula­ny­jy we 300 müň­den gow­rak ha­bar göz­den ge­çi­ril­di. Göz­leg­de eme­li aň bi­len ge­çi­ril­ýän wag­tyň art­ma­gy netijesinde ada­myň özü­ni ýal­ňyz duý­ýan­dy­gy we tö­we­re­gin­dä­ki adam­lar bi­len ara­gat­na­şy­gyň azal­ýan­dy­gy anyk­lan­dy. Gel­nen ne­ti­jä gö­rä, is­len­dik bir adam eme­li aňy özü­ne dost ýa-da syr­daş ha­sap­la­ýan bol­sa, ha­ky­ky dur­muş­dan üz­ňe­le­şip baş­la­ýar. Mu­nuň se­bä­bi bol­sa, beý­le­ki bar­lag­lar­da gel­nen ne­ti­je­ler ýa­ly: eme­li aň aşa sa­byr­ly, ada­my uzak wagt­lap diň­le­ýär we kö­şeş­dir­ýär, buý­ruk ber­me­ýär, er­bet söz­le­ri ulan­ma­ýar, di­ňe ruh­lan­dy­ry­jy söz­le­ri aý­dyp, mas­la­hat ber­ýär. Şol se­bäp­li özü­ni ýe­ke we ýal­ňyz duý­ýan adam­lar, esa­san hem, ýaş­lar eme­li aňa has go­laý­laş­ýar­lar. Eme­li aňyň barha kä­mil­leş­ýän­di­gi­ne we ös­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, «san­ly syr­daş» ha­ky­ky dost­lu­gyň or­nu­ny tu­tup bil­mez. Şeý­le hem adam­la­ra ha­ky­ky bag­ty we duý­gy­ny be­rip bil­mez.