Günorta Amerikanyň derýalarynda, köllerinde we howdanlarynda ýaşaýan ýyrtyjy balygyň biri-de piranýadyr. Amazonkada iň köp ýaýran bu balyk islendik süýji suwa uýgunlaşyp bilýär. «Serrasalmidae» maşgalasyna degişli kiçijik ýyrtyjy balyklar suwdaky islendik zady iýip bilýärler. Piranýalaryň esasy aýratynlygy awuna süri bolup topulmagydyr. Maglumatlara görä, bir sürüde 20-den 1000-e çenli piranýa bolup, ullakan balygy birnäçe sekundyň içinde ýom-ýok edýär.
Piranýa sözi ilkinji gezek 1710-njy ýylda iňlis edebiýatynda portugal dilinden alnan söz hökmünde peýda bolýar. Süýji suwda ýaşaýan bu balygyň 60-dan gowrak görnüşiniň bardygy çaklanylýar. Häzirki wagtda piranýanyň 38-39 görnüşi ylmy taýdan ykrar edildi. Şolaryň 25-si Amazonka, 16-sy Orinoko, 3-si Paragwaý we Parana, 2-si San-Fransisko derýalarynda ýaşaýar. Piranýalar Bangladeşiň günorta-gündogaryndaky Kaptaý kölünden hem tapyldy. Şeýle hem Hytaýyň Liszýan derýasynda görüldi. Amerikadan, ýagny başga materikden Aziýa yklymyna bu balygyň nähili ýagdaýda gelendigi hünärmenleri pikirlendirýär.
Piranýanyň ululygy 12-35 santimetr aralygynda bolýar. Käte bu balygyň 60-70 santimetre ýetýän has ululary hem duş gelýär. Piranýanyň ýokarky ýüzgüji we guýrugy garamtyl, iki gapdaly we garnynyň aşagy kümüşsöw-mämişi reňkde bolýar. Owadan balygyň eňek süňki örän çeýe bolup, güýçli zarba we uly ýyrtyjylaryň hüjümine döz gelmäge mümkinçilik berýär. Piranýa it dişine meňzeş ýiti dişleri bilen tapawutlanýar. Piranýanyň ähli görnüşiniň ýokarky we aşaky äňiniň bir hataryny ýiti dişler emele getirýär. Ýyrtyjy balyk agzyny ýumanda dişler biri-biriniň arasyna girip, gulplanan ýaly berk ýapylýar. Bul bolsa piranýanyň awuny has berk tutmagyna we çaltlyk bilen goparyp iýmegine mümkinçilik berýär. Piranýalaryň beýleki balyk görnüşlerinden tapawutlylykda çeýe hem çalt hereket edýän eňek myşsalary bar. Bu bolsa piranýanyň has çalasyn we güýçli dişlemegine ýardam edýär. Bu balyklar, adatça, iýmek isleýän zadyny goparyp alýarlar.
Kiçijikdigine garamazdan, uzakly gün iýmitlenip gezýän piranýalar her gün ortaça 2,5-540 gram aralygynda iýmit iýýär. Kiçijik ýyrtyjy balyklar käte suwa gaçan uly jandarlara (at, sygyr…) hüjüm edýän bolsalar-da, aglaba bölegi ownuk balyklar, mör-möjekler, ösümlikleriň tohumy, miwe bilen iýmitlenýärler. Hünärmenler käbir piranýa sürüsiniň guş, ýylan we kiçi süýdemdirijiler bilen iýmitlenýändigini hem belleýärler. Piranýalar gurakçylyk möwsüminde derýanyň suwunyň pese gaçmagy bilen iýmit ýetmezçiliginden ejir çekýärler. Şol wagt gaharjaň kiçijik ýyrtyjylar suwa giren islendik zady iýip bilýärler.
Timsah (krokodil), Amazon süýji suw delfini (boto) hem-de suw ýylanlary piranýalar bilen iýmitlenýär. Ýöne muňa garamazdan, Amazon basseýninde piranýa sürüleriniň sanynyň artmagy dowam edýär. Şol sebäpli ýylyň belli bir möwsüminde piranýalar köpçülikleýin awlanýar. Tutulan piranýalaryň aglaba bölegi emeli howdanlarda, şeýle hem akwariumlarda saklanýar.
Gyzyl garynly piranýa ýyrtyjy balyklar maşgalasynyň akwariumda iň köp saklanýan görnüşi bolup, bu balygy beýleki balyklar bilen bilelikde goýup bolmaýar. Köplenç aýnaly gapda 3-4 sany piranýa bilelikde saklanýar. Piranýa saklanýan akwariuma barmagyňy batyrmak ýa-da suwuny arassalaýan wagtyň dişli balygy ellemek howply hasaplanýar. Piranýanyň eti Amazon basseýninde ýaşaýan ýerli halkyň esasy iýmitidir. Ýöne köpler ýyrtyjy balygyň etini biraz gaty hem-de gylçykly görýär.
PDF








