Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherindäki Milli kitaphanada 1666-njy ýyla degişli gyzykly golýazma tapyldy. Bu resminama meşhur alym Galileýiň teleskoplary bilen bagly köp syrlary açmaga kömek edip biler.
Tapyndy baradaky habary Irlandiýanyň Limerik uniwersitetiniň alymy Hose Mariýa Moreno Madrid mälim etdi. Gürrüňi edilýän golýazma ispan monahy Ignasio Munos tarapyndan ýazylan 944 sahypalyk kitapdyr. Onda dört linzaly teleskop barada giňişleýin ýazylyp, “Galileý tarapyndan ýasalan” diýen ýazgy hem bar.
Eger bu teleskopyň hakykatdan hem Galileýe degişlidigi subut edilse, olaryň taryhy takmynan 13-15 ýyl öňe baryp ýeter. Ýagny, şeýle enjamlaryň ilkinji gezek 1630-njy ýyllarda ulanylyp başlanandygyny aňladyp biler.
Bu tapyndynyň özüne ýetik gyzykly taryhy bar. Täze Ispaniýanyň wise-koroly Antonio Sebastýan de Toledo Molina-i-Salasar ozal bu teleskopy monah Ignasio Munosa sowgat beripdir we onuň ylmy başarnygy barlamak üçin guraly doly öwrenmegi tabşyrypdyr. Monah hem tabşyrygy ýerine ýetirip, golýazmada teleskopyň gurluşyny, çyzgylaryny we suratyny giňişleýin ýazypdyr.
Häzirki wagtda XVII asyrdan galan sekiz sany gadymy teleskop bar, ýöne olaryň kim tarapyndan ýasalandygy entegem doly bilinmeýär. Hatda Galileý hem öz teleskoplarynyň hiç hili tehniki beýanyny galdyrmandyr. Taryhy maglumatlara görä, Galileý ozal Ispaniýanyň korolyna üç sany teleskop sowgat beripdir. Alymlar bu golýazmada ýazylan enjamyň şol sowgat berlen teleskoplaryň biridigini çaklaýarlar.
PDF








